img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
PÄKISTAN YSLAM RESPUBLIKASY - YSLAMABAD
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

SAÝLAWLAR BOÝUNÇA SES BERMEK BAŞLANDY!

photo

Türkmenistanyň Mejlisiniň kararyna laýyklykda, şu gün, 26-njy martda, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriniň agzalarynyň saýlawlary başlady.

Päkistanda ýaşaýan Türkmenistanyň raýatlary ir bilen raýatlyk borjuny ýerine ýetirmek üçin Türkmenistanyň Päkistan Yslam Respublikasynyň (Yslamabat ş.) ýanynda döredilen 1-nji saýlaw uçastogyna geldiler.

Sagat 07.00-dan başlap, Türkmenistanyň Päkistan Yslam Respublikasynyň (Yslamabat ş.) ýanynda döredilen 1-nji saýlaw uçastogy Päkistanda ýaşaýan ýa-da wagtlaýyn ýaşaýan Türkmenistanyň raýatlaryny kabul etdi. Ilçihananyň işgärleri saýlaw uçastogynyň talaba laýyk işlemegi we saýlawlaryň aç-açanlyk şertlerde geçmegini üpjün etmek üçin zerur işleri geçirdiler.