RIMDE TÜRKMENISTAN BILEN ITALIÝANYŇ ARASYNDAKY MEDENI GEPLEŞIKLER DOWAM EDÝÄR

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Italiýa saparynyň çäklerinde 2023-nji ýylyň 6-njy iýunynda Türkmenistan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary M.Mämmedowa Rim şäheriniň meri Roberto Gualtieri bilen duşuşdy.

Duşuşykda medeniýetara gepleşiklere we medeni mirasy gorap saklamaga aýratyn üns berildi. Taraplar, şeýle hem, Italiýada Türkmenistanyň täsin eserleriniň sergisini geçirmek üçin amaly ädimleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem, saparyň çäginde türkmen wekiliýeti Rimdäki Kapitoliý muzeýine we Centrale Montemartini galereýasyna baryp gördi.