ÝUNOPS BILEN HYZMATDAŞLYGY GIŇELTMEGIŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

img
img
img
img

2023-nji ýylyň 19-njy iýunynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow Birleşen Milletler Guramasynyň Taslama hyzmatlary boýunça müdirliginiň (ÝUNOPS) Awstriýadaky köp ýurtly edarasynyň direktory hanym Freýa fon Groote bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşykda Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu nukdaýnazardan, taraplar halkara gün tertibindäki meseleleriň giň toplumy boýunça özara gatnaşyklaryň ýokary derejesi barada umumy pikir aýtdylar.

ÝUNOPS öz ygtyýarlyklarynyň çäginde Türkmenistanyň Hökümeti we BMG-niň ulgamy bilen halkara taslamalaryna hyzmat etmekdäki işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak babatynda bilelikdäki işi durmuşa geçirýändigi nygtaldy.

Bu nukdaýnazardan R.Meredow, ÝUNOPS-yň Türkmenistanyň Hökümetine milli ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmegiň we hyzmatdaşlygyň ugurlaryny kesgitlemegiň çäklerinde meýilnamalary we taslamalary durmuşa geçirmegi işjeňleşdirmäge ýardam bermeginiň ähmiýetini belläp geçdi.

Özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary hökmünde saglygy goraýyş, infrastruktura, oba hojalygy, energetika, ýaşyl we sanly geçiş, daşky gurşawy goramak we howanyň üýtgemegi ýaly taslamalar kesgitlenildi.

Taraplar milli hünärmenleriň hünär taýýarlygyny kämilleşdirmek meseleleri boýunça pikir alyşdylar.