TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI FRANSIÝA RESPUBLIKASYNYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISINI KABUL ETDI

2023-nji ýylyň 19-njy iýunynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Fransiýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Filipp Merleni kabul etdi.

Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallygyny bildirip, döwlet Baştutanymyza Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makronyň mähirli salamyny we türkmen halkyna bagtyýarlyk, abadançylyk, rowaçlyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekilini gadymy we myhmansöýer türkmen topragynda mübärekläp, jogapkärli diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de ikitaraplaýyn netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Döwlet Baştutanymyz iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň oňyn häsiýetini kanagatlanma bilen belläp, onuň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşlerde üstünlikli ösdürilýändigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistan bilen Fransiýanyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk barada aýdyp, fransuz kompaniýalarynyň köp ýyllaryň dowamynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň ösüşine goşan aýratyn goşandyny belledi. Gurluşyk, nebitgaz, aragatnaşyk ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyk üstünlikli giňeldilýär.

Maglumat-tehnologiýalar, nebitgaz, himiýa, azyk senagaty ulgamlary hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-fransuz toparynyň möhüm orny bellenildi.

Umumy pikire görä, medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyk döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmakda, halklary ýakynlaşdyrmakda we medeniýetleri özara baýlaşdyrmakda wajyp orny eýeleýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Filipp Merleni ýurdumyzda işe başlamagy bilen ýene-de bir gezek gutlap, diplomatyň Türkmenistan bilen Fransiýa Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek üçin ähli tagallalary etjekdigine berk ynam bildirdi we türkmen tarapynyň bu ugurda degişli ýardamy bermäge taýýardygyny belledi.