SUW BAÝLYKLARYNDAN TYGŞYTLY PEÝDALANMAK BOÝUNÇA MASLAHAT BARADA KHBS ÜÇIN HABAR

2023-nji ýylyň 20-nji iýunynda Aşgabatda gibrid görnüşinde “Sebitde suw baýlyklaryndan tygşytly peýdalanmak boýunça çäreler üçin maliýe we maýa goýum goldawy” atly maslahat geçirildi.

Foruma Türkmenistanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň degişli pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň orunbasarlary, BMG-nyň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy, BMG-nyň Taslama hyzmatlary edarasynyň Awstriýadaky köp ýurtly edarasynyň müdiri, BMG-nyň Ýewropa Ykdysady komissiýasynyň suw baýlyklary boýunça milli dialoglaryň utgaşdyryjysy, Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy, Döwletara suw hojalyk utgaşdyryjy komissiýasynyň ylmy - maglumat merkeziniň müdiri, Merkezi Aziýanyň Sebitleýin ekologik meseleleri boýunça merkeziniň (CAREC) ýerine ýetiriji direktory, Durnukly ösüş boýunça Döwletara komissiýasynyň Ylmy maglumat merkeziniň müdiri, Germaniýa Halkara hyzmatdaşlyk jemgyýetiniň (GIZ) wekilleri, suw baýlyklary we howanyň üýtgemegi boýunça alymlar we hünärmenler gatnaşdylar.

Maslahatyň çäginde çärä gatnaşyjylar howanyň üýtgemegi şertlerinde suw gorlaryndan tygşytly peýdalanmak, sebitdäki suw we energiýa, şeýle hem suw çeşmelerini toplumlaýyn dolandyrmagyň daşky gurşaw, durmuş we ykdysady taraplary boýunça maýa goýumlaryň utgaşdyrylmagyny goldamak maksady bilen, suw baýlyklaryndan tygşytly peýdalanmak, şol sanda Merkezi Aziýanyň suw pudagyny maliýeleşdirmek meseleleri barada pikir alyşdylar.

Birleşen Milletler Guramasynyň Aziýa-Ýuwaş umman sebiti boýunça Ykdysady we durmuş komissiýasynyň (UNESCAP) "Aral deňziniň basseýni üçin Birleşen Milletler Guramasynyň ýörite maksatnamasynyň döredilmeginiň şertlerine seretmek" kararnamasynyň ýerine ýetirilmegi üçin sebitleýin hyzmatdaşlyk meselelerine, şeýle hem ýurtlaryň hyzmatdaşlyk pudagyndaky, Merkezi Aziýanyň howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak, şol sanda howa şertlerini göz öňünde tutup suw baýlyklaryny dolandyrmak boýunça bilelikdäki strategiýany taýýarlamak meselelerine aýratyn üns berildi.

Suw baýlyklaryndan tygşytly peýdalanmagyň usullarynyň ornaşdyrylmagy we suw çeşmelerine barha artýan islegi kanagatlandyrmak üçin, hususan-da howanyň üýtgemegi sebäpli, tygşytly peýdalanylmagyny kesgitlemek üçin giňişleýin seljerme Merkezi Aziýa sebiti üçin derwaýys meseleleriň biridir. Şu nukdaýnazardan, häzirki maslahat sebitleýin esasda suwdanh tygşytly peýdalanmak boýunça tejribe we bilim alyşmagy ýola goýmak mümkinçiligine tarap ilkinji ädim boldy, şeýle hem maliýeleşdiriş çäreleriniň köp ugurlary boýunça umumy pikirleri ösdürmek üçin platforma bolup hyzmat etdi..

Maslahatlaşmalaryň netijesinde suwdan tygşytly peýdalanmak ugrundaky maksatly taslamalary we meýilnamalary maliýeleşdirmegiň mümkinçiliklerine seredilip geçildi.

Maslahatyň netijelerine esaslanyp, Jemleýji resminama kabul edildi.