TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI WELOSIPEDÇILERIŇ HALKARA BIRLEŞIGINIŇ WISE-PREZIDENTINI KABUL ETDI

2023-nji ýylyň 24-nji iýunynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Welosipedçileriň halkara birleşiginiň wise-prezidenti, Aziýa welosport konfederasiýasynyň prezidenti Osama Al Şafary kabul etdi.

Myhman Welosipedçileriň halkara birleşiginiň welosiped sportunyň ösdürilmegine uly goşant goşýan ýurdumyz bilen däp bolan hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini nygtady.

Döwlet Baştutany myhmany mübärekläp hem-de hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, şu gezekki saparyň çäklerinde welosiped sporty boýunça hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny, geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak, ýurdumyzda welosiped sportunyň ösdürilişi bilen tanyşmak üçin mümkinçilikleriň dörediljekdigine ynam bildirdi we geçiriljek gepleşiklerde üstünlikleri arzuw etdi.

Hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary boýunça pikir alyşmalaryň dowamynda ýurdumyzda sportuň bu görnüşiniň soňky ýyllarda uly meşhurlyga eýe bolandygy bellenildi. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistanda bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň ösdürilmegine, ynsan ömrüniň dowamlylygynyň artdyrylmagyna möhüm üns berilýär. Häzirki zaman bedenterbiýe-sagaldyş toplumlary, köpugurly stadionlar, sport mekdepleri yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär.

Häzirki döwürde sport diplomatiýasy halkara hyzmatdaşlygyň möhüm ugry bolup durýar we ol halklaryň ynanyşmak, birek-birege düşünişmek ýagdaýynyň emele gelmegine ýardam berýär. Türkmenistanyň başlangyjy esasynda 2018-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 3-nji iýuny “Bütindünýä welosiped güni” diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamany kabul edendigini belläp, döwlet Baştutany ýurdumyzyň Milli Olimpiýa komiteti we sport federasiýalary, Halkara Olimpiýa Komiteti hem-de beýleki sport düzümleri bilen ýakyn gatnaşyklary saklaýandygyna ünsi çekdi. Türkmenistanda sportuň dürli görnüşleri boýunça iri halkara ýaryşlar geçirilýär, türkmen türgenleri halkara bäsleşiklere gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar.

Türkmenistanyň Prezidenti 2017-nji ýylda Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi tarapyndan Aşgabat şäherinde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň üstünlikli geçirilendigini kanagatlanma bilen nygtady. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan sportuň ähli görnüşleri boýunça iri halkara ýaryşlary geçirmäge ukyplydyr we Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesindäki ajaýyp ýapyk Welotrek binasyny ulanmagyň mümkinçiliklerine garamaga taýýardyr.

Öz gezeginde, Welosipedçileriň halkara birleşiginiň wise-prezidenti, Aziýa welosport konfederasiýasynyň prezidenti Osama Al Şafar Türkmenistanyň iri sport ýaryşlaryny birkemsiz guramakda tejribe toplandygyny, munuň bolsa ýurtda dünýä ýaryşlaryny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmekde ygtybarly binýat bolup hyzmat etjekdigini nygtady.

Duşuşygyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti we myhman özara düşünişmegiň ýokary derejesine eýe bolan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Osama Al Şafaryň Türkmenistanyň Mejlisi bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Federal Milli Geňeşiniň arasyndaky parlamentara dostluk toparynyň emirlikler böleginiň başlygy bolup durýandygyny belläp, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň BAE bilen iki döwletiň halklarynyň abadançylygynyň bähbidini esasy ugur edinýän dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmäge gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.