Türkmenistanyň Ilçisiniň Päkistanyň Federal Nebit ministri bilen duşuşygy

2024-nji ýylyň 26-njy martynda Türkmenistanyň ilçisi Atadjan Mowlamow Päkistanyň Federal Nebit ministri Dr. Musadik Malik bilen duşuşdy.

Duşuşygyň başynda, Ilçi Päkistanyň Federal Nebit ministrini täze wezipä bellenmegi mynasybetli gutlady we energiýa pudagynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmak ugrundaky işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Päkistanyň ministri Dr. Musadik TOPH gaz geçirijisi flagman taslamasy bolup durýandygy barada belledi we Päkistanda gaz ýetmezçiligini ýeňip geçmek üçin bu taslama ünsi jemlejekdigini aýtdy.

Duşuşygyň dowamynda, taraplar TOPH gaz geçirijisiniň durmuşa geçirilmegi boýunça hyzmatdaşygy dowam etjekdiklerini tassykladylar.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň ilçisi ministri şu ýylyň Aprel aýynda Fransiýanyň Paris şäherinde geçiriljek Türkmenistanyň energiýa pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek üçin Halkara foruma gatnaşmaga çagyrdy.