Türkmenistanyň Yslamabatdaky Ilçihanasynda ÝB-niň Ilçisi bilen duşuşyk barada
2025-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Yslamabatdaky Ilçihanasynda Türkmenistanyň Ilçisi A.Möwlamow Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) Päkistandaky Ilçisi Raimundas Karoblisi kabul etdi.
Ilçi A.Möwlamow ýewropaly diplomaty bir gün öň Päkistanyň prezidentine ynanç hatyny gowşurmagy bilen gutlady we Päkistandaky diplomatik işinde üstünlikleri arzuw etdi.
Duşuşykda ÝB bilen sebit ýurtlaryň, şol sanda Türkmenistanyň arasynda özara hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegi barada pikir alşyldy. Taraplar dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge, şol sanda durnukly ösüşi üpjün etmek bilen bagly meselelere özara gyzyklanma bildirdiler.
Taraplar sebit arabaglanyşygyny we durnukly ösüşi üpjün etmegiň esasy ugurlary hökmünde infrastruktura taslamalary barada maslahat etdiler. Bu ugurda Türkmenistanyň Ilçisi sebitara energiýa arabaglanyşygy giňeltmekde wajyp orny eýeleýän TOPH gaz geçirijisiniň we TOP elektrik geçiriji liniýasynyň taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi bilen bagly häzirki ýagdaýlar barada aýratyn belledi. Türkmenistanyň energiýa pudagynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly goşant goşjak uly mümkinçilikleriniň bardygy nygtaldy.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar özara bähbitli hyzmatdaşlygy berkitmek we giňeltmek üçin yzygiderli gepleşikleri we gatnaşyklary dowam etdirmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.