Türkmen halkynyň Milli Lideri “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy bilen duşuşdy

photo

2025-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk bilen duşuşdy.

Ahmet Çalyk wagt tapyp kabul edendigi üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ata Watany Türkmenistanda bolmagyň özi üçin uly mertebedigini belledi hem-de türkmen halkynyň Milli Liderini Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady. Şeýle-de işewür Gahryman Arkadagymyzdan şanly waka mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentine gutlaglaryny ýetirmegini haýyş etdi.

Ahmet Çalyk Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanda asyrlara barabar işleriň durmuşa geçirilendigini, ähli ulgamlarda gazanylýan üstünliklere guwanýandygyny belledi. Bu işler türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyçlarynyň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda rowaçlyklara beslenýändiginiň aýdyň beýanydyr.

Şeýle hem işewür mümkinçilikden peýdalanyp, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasyna Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda karbamid öndürýän toplumyň gurluşygynyň ynanylandygy üçin hoşallyk bildirdi.

Gahryman Arkadagymyz «Çalyk Holding»-iň ýolbaşçysyny mähirli mübärekläp, Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda ýola goýlan dost-doganlyk gatnaşyklarynyň dürli ugurlarda, şol sanda energetika, dokma senagaty, gurluşyk we beýleki pudaklarda üstünlikli ösdürilýändigini aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri ýokary derejede alnyp barylýan bu hyzmatdaşlygy has-da ösdürmekde Türkiýäniň Türkmenistanda işleýän kompaniýalarynyň, hususan-da, “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň goşandyny belledi. Häzirki wagtda kompaniýa senagat we durmuş maksatly möhüm desgalaryň birnäçesiniň gurluşygyna işjeň gatnaşýar. Şeýle-de bu düzümiň Türkmenistanyň energetika pudagynda, saglygy goraýyş ulgamynda alyр barýan işlerine üns çekildi.

Şeýle-de, “Çalyk Holding” kompaniýasynyň mundan beýläk-de täze tehnologiýalary, öňdebaryjy enjamlary ornaşdyrmak arkaly Türkmenistanda möhüm ähmiýetli taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşjakdygyna ynam bildirildi.

Işewür bildirilen uly ynam üçin hoşallygyny beýan edip, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň öz üstüne alan şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli we ýokary hilli ýerine ýetirmäge mundan beýläk-de berk ygrarly boljakdygyna ynandyrdy.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz “Çalyk Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysyna alyp barýan işinde üstünlikleri arzuw etdi.