Päkistanyň Premýer-ministriniň Ýaşlar maksatnamasy, daşary işler, işewürlik we söwda gatnaşyklary boýunça utgaşdyryjysy bilen duşuşyk

img
img
img
img

2025-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Yslamabat şäherindäki Ilçihanasynda Türkmenistanyň Päkistandaky Ilçisi A.Möwlamow Päkistanyň Premýer-ministriniň Ýaşlar maksatnamasy, daşary işler, işewürlik we söwda gatnaşyklary boýunça täze bellenen utgaşdyryjysy Şaherýar Memony kabul etdi.

Duşuşykda Ilçi A.Möwlamow Bitaraplyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan Türkmenistanyň parahatçylykly we netijeli daşary syýasat strategiýasy barada gürrüň berdi. Taraplar iki ýurduň arasyndaky söwda we ykdysady gatnaşyklary has-da berkitmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu ugurda Ilçi Türkmenistanyň energetika pudagyndaky esasy başlangyçlarynyň, şol sanda TOPH gaz geçirijisiniň we TOP elektrik geçiriji liniýasynyň taslamalarynyň durmuşa geçirilişi barada belläp, bu taslamalaryň sebitiň energiýa howpsuzlygyny we özara arabaglanyşygyny berkitmek üçin strategiki ähmiýetiniň bardygyny nygtady.

Şeýle hem, Ilçi sebitde "akylly" şäher ösüşiniň nusgasyna öwrülen hem-de innowasion we ekologiýa taýdan arassa Arkadag şäheriniň gurluşygyna myhmanyň ünsüni çekdi.

Mundan başga-da, taraplar söwda-ykdysady, energiýa, medeni we bilim maksatnamalaryny öz içine alýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Bu ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň iki tarapyň hem bähbitlerine hyzmat edýändigi we uzakmöhletleýin hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçlikleri döredýändigi barada bellendi.