Türkmenistanyň wekili Yslamabatda geçirilen “Margalla Dialogy 2025” halkara maslahatyna gatnaşdy
2025-nji ýylyň 11-12-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynyň uly mugallymy Begenç Karaýew Päkistanyň Yslamabat Syýasy barlaglar instituty (IPRI) tarapyndan guralan “Margalla Dialogy 2025” halkara maslahatyna gatnaşdy.
Begenç Karaýew öz çykyşynda Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary we sebitleýin hyzmatdaşlygyň esasy görkezijileri barada gürrüň berip, ýurduň oňyn bitaraplyk syýasatyna we açyk halkara hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny nygtady. Ol Türkmenistanyň sebitiň ykdysady, energiýa we ulag arabaglanyşygyny berkitmekdäki roly barada belläp, ýurduň ygtybarly hyzmatdaş we iri halkara taslamalaryň inisiatory hökmünde ýokarlanýan ornuny nygtady.
Şeýle hem, ol türkmen-päkistan hyzmatdaşlygynyň depginli ösüşine we bu hyzmatdaşlygyň strategik ähmiýetini aýratyn ünsi çekdi. Şu nukdaýnazardan, ol sebitde durnuklylygy pugtalandyrmaga, özara söwdany ösdürmäge we sebitleýin integrasiýasyny giňeltmäge gönükdirilen TOPH, TOP we beýleki sebitleýin başlangyçlary öňe ilerletmekde gazanylan sepgitler barada nygtady.