Türkmenistanyň Päkistandaky Ilçihanasy Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Päkistanyň edaralaryna birnäçe neşirleri sowgat berdi
2025-nji ýylyň dekabr aýynyň başynda Türkmenistanyň Yslamabat şäherindäki Ilçihanasy Päkistanyň öňdebaryjy medeni, bilim we ylmy edaralaryna birnäçe saparlary we duşuşyklary gurnady. Çäreler Türkmenistanyň parahatçylyk söýüji daşary syýasatyny we hemişelik Bitaraplygyny wagyz etmäge hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygyna we hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlandy.
Duşuşyklaryň dowamynda Türkmen tarapy Päkistanyň esasy medeni we akademiki edaralaryna - şol sanda Päkistanyň Milli kitaphanasyna, Milli kitap gaznasyna, Milli halk we däp-dessur mirasy institutyna (Lok Virsa), COMSATS uniwersitetine we beýleki edaralara türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan ýazylan “Dünýäde ykrar edilen Lider”, “Garaşsyzlyk - bagtymyz” we “Ýaşlar - Watanyň daýanjy” atly kitaplary sowgat berdi.
Mundan başga-da, Ilçihana tarapyndan neşir edilen we Türkmenistanyň daşary syýasatyna, sosial-ykdysady üstünliklerine we ynsanperwerlik çärelerine, iri energiýa we infrastruktura taslamalaryna, şeýle hem ýurduň parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen halkara başlangyçlaryna bagyşlanan "Diplomatic Insight" we "Diplomatic Focus" žurnallarynyň ýörite neşirleri hem berildi.
Päkistanyň edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri bu medeni we ynsanperwer çäräniň iki ýurduň arasyndaky umumy taryhy we medeni gatnaşyklara, parahatçylyk, ösüş we özara düşünişmek üçin umumy ygrarlylyga esaslanýan ýokary derejeli doganlyk gatnaşyklaryny görkezýändigini belläp, Türkmenistanyň Ilçihanasyna tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdiler.
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy we hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bellenilýän ýylda geçirilen bu çäre Päkistan bilen dostlugyň we yzygiderli ösýän hyzmatdaşlygyň aýdyň nyşany bolup, Türkmenistanyň medeni mirasyny ýaýbaňlandyrmaga, bilim, ylym, medeniýet we hökümetara hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge bolan islegini görkezdi.