Türkmenistanyň Ilçisi we Päkistanyň Senatynyň Başlygy parlamentara hyzmatdaşlygy maslahat etdiler
25-nji fewralda Yslamabat şäherindäki Parlament binasynda Türkmenistanyň Päkistandaky Ilçisi Atajan Möwlamow Päkistanyň Senatynyň Başlygy Saýed Ýusaf Reza Gilani bilen duşuşdy.
Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen–päkistan parlamentara hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar. Şeýle hem olar parlament dialogyny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirip, özara bähbitli bilelikdäki infrastruktura hem-de energetika taslamalarynyň öňe ilerledilmeginiň zerurdygyny bellediler.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilmeginiň sebit durnuklylygynyň pugtalandyrylmagyna hem-de Türkmenistanyň we Päkistanyň halklarynyň arasynda özara bähbitli gatnaşyklaryň giňeldilmegine ýardam berjekdigine ynam bildirdiler.