img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
PÄKISTAN YSLAM RESPUBLIKASY - YSLAMABAD
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Italiýanyň Ilçisi Türkmenistanyň Yslamabatdaky Ilçihanasyna bardy

photo

2026-njy ýylyň 3-nji awgustynda Türkmenistanyň Päkistandaky Ilçisi Atajan Möwlamow Italiýa Respublikasynyň Päkistandaky Ilçisi Ugo Çarlatanini kabul etdi.

Duşuşygyň başynda Türkmen diplomaty italiýaly kärdeşini täze wezipesä bellenmegi bilen tüýs ýürekden gutlap, Päkistandaky diplomatik işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Ilçiler türkmen-italýan gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we geljekki ösüş mümkinçilikleri barada pikir alyşyp, özara gyzyklanma bildirilýän dürli ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Gepleşikleriň dowamynda Yslamabatdaky diplomatik korpusyň işi bilen bagly meselelere hem garaldy. Hususan-da, diplomatik wekilhanalaryň arasyndaky hyzmatdaşlyk, şeýle hem Päkistanyň döwlet edaralary we işewür toparlary bilen özara gatnaşyklar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar diplomatik korpusyň çäklerinde yzygiderli dialogy we netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge ygrarlydyklaryny ýene bir gezek tassyklap, hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmaga hem-de Türkmenistan bilen Italiýanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge taýýardyklaryny beýan etdiler.