Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Biodürlülik baradaky maslahatynyň Liderler sammitine gatnaşdy
2026-njy ýylyň 16-njy oktýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ermenistan Respublikasynda Biodürlülik baradaky maslahatyň çäklerinde geçirilen Liderler sammitine gatnaşdy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow goňşy ýurda iş saparynyň maksatnamasyny tamamlap, Baku şäherinden Ermenistan Respublikasyna ugrady.
Birnäçe wagtdan soňra, hormatly Prezidentimiziň uçary Ýerewanyň Halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde belent mertebeli türkmen myhmanyny Ermenistan Respublikasynyň resmi adamlary we Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar.
Soňra döwlet Baştutanymyzyň awtoulag kerweni ýokary derejedäki sammitiň geçirilýän ýerine - “Meridian” sergi we çäreler merkezine ugrady.
BMG-niň Biodürlülik baradaky maslahatynyň çäklerinde Ýerewanda geçirilýän Liderler sammiti tebigy ekoulgamlary goramak işinde dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalaryny birleşdirmäge gönükdirilendir.
Bu giň möçberli çärä BMG-niň Baş Sekretary, döwlet hem-de Hökümet Baştutanlary, tebigaty goramak boýunça guramalaryň ýolbaşçylary, BMG-niň wekilleri hem-de halkara bilermenler gatnaşdylar.
Sammitiň geçirilýän ýerinde hormatly Prezidentimizi Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan hem-de BMG-niň Baş Sekretary Antoniu Guterriş mähirli garşyladylar we bilelikde ýadygärlik surata düşdüler.
Wekiliýet baştutanlarynyň bilelikde resmi surata düşmek dabarasyndan soňra, BMG-niň Biodürlülik baradaky maslahatynyň çäklerindäki Liderler sammiti öz işine başlady.
Sammitiň gün tertibine ekoulgamlary we biologik köpdürlüligi goramak, ekologiýa başlangyçlaryny maliýeleşdirmek hem-de BMG-niň Biodürlülik baradaky maslahatynyň esasy maksatnamasyna (COP17) taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi.
Hormatly Prezidentimiz öz çykyşynda, ilki bilen, Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Nikol Paşinýana sammitiň ýokary guramaçylyk derejesi, bildirilen myhmansöýerlik hem-de netijeli işlemäge döredilen ähli şertler üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, Liderleriň şu gezekki sammitiniň döwletleriň dünýäde biologik köpdürlüligi gorap saklamaga hem-de kabul eden borçnamalaryndan anyk hereketlere geçmäge umumy syýasy erklerini tassyklamak üçin mümkinçilik döredýändigini belledi.
«Türkmenistan BMG-niň Biologik köpdürlülik hakynda Konwensiýasynyň hem-de Kunmin-Monreal ählumumy Çarçuwaly maksatnamasynyň maksatlaryny hem-de ýörelgelerini yzygiderli goldaýar. Biz bioköpdürlüligiň azalmagynyň, howanyň üýtgemeginiň, çölleşmäniň we topragyň ýaramazlaşmagynyň ekologiýa howpsuzlygyna hem-de ýurtlaryň durnukly ösüşine gönüden-göni täsir edýän özara baglanyşykly wehimler bolup durýandygyndan ugur alýarys.
Hormatly Prezidentimiz Birleşen Milletler Guramasynyň, onuň ýöriteleşdirilen edaralarynyň we tebigaty goramak boýunça halkara mehanizmleriniň kuwwatyny doly derejede ulanmagyň zerurdygyna ünsi çekip, tebigy mirasy gorap saklamak hem-de ylmy barlaglary ösdürmek ulgamynda ýurdumyzyň ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýändigini belledi. “Bütindünýä mirasynyň “Aram guşaklygynyň Turan çölleri” transmilli obýektiniň düzümine Türkmenistanyň tebigy çäkleriniň girizilmegi halkara hyzmatdaşlygyň ekoulgamlary gorap saklamaga ýardam berýändiginiň aýdyň mysalydyr.
“BMG-niň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasynyň çäklerinde Türkmenistan ekologiýa howpsuzlygy we howanyň üýtgemegine garşy durnuklylyk ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen başlangyçlary öňe sürmegi dowam eder.
Hususan-da, biz yzygiderli syýasy we bilermenlik hyzmatdaşlygyny alyp barmak, anyk başlangyçlary ilerletmek hem-de halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin açyk köptaraply meýdança hökmünde Aşgabat howa dialogyny döretmek ugrunda çykyş edýäris.
Çölleşmä garşy göreşmäge we gurak sebitleriň howanyň üýtgemeginiň täsirlerine durnuklylygyny ýokarlandyrmaga aýratyn ähmiýet berýäris. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan Merkezi Aziýa ýurtlary üçin çölleşmä garşy göreşmek boýunça sebit merkezini döretmek başlangyjyny öňe sürýär.
Bu ugurlara ekoulgamlary gorap saklamak, tebigy serişdelerden netijeli peýdalanmak hem-de Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça toplumlaýyn halkara tagallalaryň möhüm bölegi hökmünde garaýarys” diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi we Türkmenistanyň ösüp barýan ýurtlaryň, şol sanda deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň bähbitlerini hem-de özboluşly zerurlyklaryny nazara almazdan, ählumumy ekologiýa maksatlaryna ýetmegiň mümkin däldigine berk ynanýandygyny nygtady.
“Bu ugurda umumy ekologiýa maksatlaryna ýetmegiň bähbidine döwletleriň bilimlerini we mümkinçiliklerini, toplan tejribesini birleşdirmäge mümkinçilik berýän köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk mehanizmleri, şol sanda Günorta — Günorta ugry boýunça özara gatnaşyklar möhüm orun eýelemelidir” diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we BMG-niň Biologik köpdürlülik hakynda Konwensiýasynyň taraplarynyň geçiriljek 17-nji maslahatynyň kabul edilen borçnamalary ýerine ýetirmäge we halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga goşmaça itergi bermelidigine ynam bildirdi.
Çykyşynyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň ähli gyzyklanma bildirýän döwletler hem-de halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlyga taýýardygyny tassyklap, syýasy erkiň, ylmy maglumatlaryň hem-de amaly mümkinçilikleriň birleşdirilmeginiň häzirki we geljekki nesilleriň bähbidine Ýer ýüzüniň tebigy mirasyny gorap saklamaga mümkinçilik berjekdigini aýtdy.
Döwlet Baştutanymyzyň çykyşy uly üns bilen diňlenildi.
Sammitiň jemleri boýunça Ýerewan Jarnamasy kabul edildi.
Ermenistan Respublikasyna iş saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Ýerewan şäheriniň Halkara howa menziline bardy we bu ýerden Watanymyza ugrady.
Birnäçe wagtdan hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzyň Halkara howa menziline geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary mähirli garşyladylar.