SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň DIM-nde türkmen-pakistan gatnaşyklarynyň häzirki meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2026-njy ýylyň 7-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Farýal Legari bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar täze ýylda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek üçin bilelikdäki çäreleri mundan beýläk-de durmuşa geçirmek babatda giň gerimli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-pakistan bilelikdäki hökümetara toparynyň nobatda...
Türkmenistanyň Päkistandaky Ilçihanasy Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Päkistanyň edaralaryna birnäçe neşirleri sowgat berdi
2025-nji ýylyň dekabr aýynyň başynda Türkmenistanyň Yslamabat şäherindäki Ilçihanasy Päkistanyň öňdebaryjy medeni, bilim we ylmy edaralaryna birnäçe saparlary we duşuşyklary gurnady. Çäreler Türkmenistanyň parahatçylyk söýüji daşary syýasatyny we hemişelik Bitaraplygyny wagyz etmäge hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygyna we hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlandy. Duşuşyklaryň dowamynda Türkmen tarapy Päkistanyň esasy medeni we akademiki edaralaryna - şol sanda Päkistanyň...
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2025-nji ýylyň 7-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Çärä Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary we işgärleri, ýurdumyzda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň hem-de halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň daşary ýur...
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli döwlet sylaglaryny gowşurmak dabarasy geçirildi
2025-nji ýylyň 6-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň işgärlerini «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglamak dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow dabara gatnaşyjylara ýüzlenip, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli ýurdumyzda geçirilýän möhüm halkara çärelerine üns çekdi. Hususan-da, şu ýyly...
Türkmenistanyň we Gazagystanyň Prezidentleri metbugat wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler
Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň we Gazagystanyň döwlet Baştutanlary metbugat wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler Prezident Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistanyň Prezidentiniň döwlet saparynyň aýratyn ähmiýetini belläp, doganlyk Türkmenistanyň Gazagystanyň möhüm we ygtybarly hyzmatdaşydygyny nygtady. Gazagystanyň Prezidenti pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň Prezidentini we ähli türkmen halkyny Türkmenistanyň hemişe...
Türkmenistanyň Prezidenti Astanadaky “Alem.AI” halkara emeli aň merkezine baryp gördi
Gazagystan Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Alem.AI” halkara emeli aň merkezine baryp gördi. “Alem.AI” emeli aň tehnologiýalaryny, bilimi we innowasiýalary ösdürmek maksady bilen döredilen halkara emeli aň merkezidir. Ol Astana şäherinde ýerleşip, Gazagystany ýokary tehnologiýalar ulgamynda öňdäki orunlara çykarmaga gönükdirilen strategik taslamalaryň biri bolup durýar. Maglumat tehnologiýalaryny ösdürmegiň we sanlylaşdyrmagyň Türk...
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň iň ýokary sylagy – “Altyn Kyran” ordeni bilen sylaglandy
2025-nji ýylyň 25-nji noýabrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystan Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedowy Gazagystan Respublikasynyň iň ýokary sylagy – “Altyn Kyran” ordeni bilen sylaglamak dabarasy boldy. Dabaranyň dowamynda Prezident Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistanyň durmuş-ykdysady kuwwatyny, halkara abraýyny, döwlet gurluşyny yzygiderli berkitmekde görnükli döwlet işgäri we parasatly ýolbaşçy hökmünde Türkmenistanyň Prezidentiniň aýratyn ornuny nyg...