SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň Bütindünýä hökümet sammiti – 2026-daky ÇYKYŞY
(Dubaý ş., 2026-njy ýylyň 3-nji fewraly) Hormatly Sammite gatnaşyjylar, Hanymlar we jenaplar, Häzirki wagtda ählumumy dolandyryş we netijeli ýolbaşçylyk meseleleri halkara hyzmatdaşlyklaryň we bileleşikleriň ulgamyny düýpli özgerdýän barha artýan ählumumy täzeleniş şertlerinde ara alnyp maslahatlaşylýar. Dünýä geosyýasy, ykdysady, howa we tehnologik krizisleriň utgaşykly täsirine sezewar bolýar. Şeýle şertlerde hyzmatdaşlyk gurallarynyň netijeliligi diňe bir ýüze çykýan wehimlere jog...
Dubaýda energetika ulgamynda türkmen-emirlik hyzmatdaşlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2026-njy ýylyň 3-nji fewralynda Dubaý şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Birleşen Arap Emirlikleriniň Senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar ministri, Abu-Dabi Milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) Baş direktory Soltan Ahmed Al-Jaber bilen duşuşdy. Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar gaz pudagynda Türkmenistanyň we BAE-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigini bellediler. Taraplar häzirki wagtda durmuşa geçirilýän taslamalaryň ýerine ýetirilişine garap, h...
Türkmenistanyň wekiliýeti Dubaýda geçirilýän Bütindünýä hökümet sammitine gatnaşýar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 2026-njy ýylyň 3–5-nji fewraly aralygynda Dubaý şäherinde geçirilýän Bütindünýä hökümet sammitine gatnaşýar. Sammitiň işine 30-dan gowrak döwlet we hökümet ýolbaşçylary, 150-ä golaý hökümet wekiliýeti, şeýle hem dünýä kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryndan, halkara maliýe guramalarynyň we bilim edaralarynyň wekillerinden ybarat bolan jemi 6 m...
Türkmenistanyň Yslamabatdaky Ilçihanasynda Ispaniýanyň Ilçisi bilen duşuşyk
2026-njy ýylyň 2-nji fewralynda Türkmenistanyň Yslamabat şäherindäki Ilçihanasynda Türkmenistanyň Päkistandaky Ilçisi A.Möwlamow bilen Ispaniýanyň Päkistana täze bellenen Ilçisi Karlos Aragonyň arasynda duşuşyk geçirildi. Türkmenistanyň Ilçisi Ispaniýanyň Ilçisini täze wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa Päkistandaky işinde üstünlikleri arzuw etdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Ispaniýanyň arasynda söwda, üstaşyr gatnaw, energetika we beýleki özara gyzyklanma bildirilýä...
Yslamabat şäherinde Türkmenistan bilen Päkistanyň arasynda hünär we tehniki bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşyldy
2026-njy ýylyň 30-njy ýanwarynda Yslamabat şäherinde Türkmenistanyň Päkistandaky Ilçisi A. Möwlamow, Päkistanyň Milli hünär we tehniki taýýarlyk komissiýasynyň (NAVTTC) başlygy hanym Gulmina Bilal Ahmad bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi uly bolan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Bu ugurda Türkmenistan bilen Päkistanyň arasynda öňdebaryjy tejribäniň alyş-çalyş edilmegine, bilelikdäki mümkinçilikleri artdyrmak boýunça maksatnamalaryň i...
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bilen ÝUNISEF-iň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy
2026-njy ýylyň 24-nji ýanwarynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa bilen BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratnanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Onda ýurdumyzyň ýaş raýatlarynyň bähbidine köpýyllyk netijeli dialogy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň meselelerine garaldy. Söhbetdeşler birek-biregi mähirli mübärekläp, ösüp gelýän...
KHBS üçin maglumat
2026-njy ýylyň 14-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Hazar deňzindäki kenar gulluklary betbagtçylyga uçraýan Rona atly eýran ýük gämisinden SOS signalyny aldylar. Türkmenistanyň adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we olaryň netijelerini aradan aýyrmak bilen bagly döwlet edaralary tarapyndan deňiz gatnawynyň düzgünlerini kadalaşdyrýan halkara kadalara laýyklykda gämidäki adamlary halas etmek boýunça ähli zerur çäreler görüldi. Wagtynda geçirilen işleriň netijesinde gämide bolan 14 adamyň ähli...