img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
PÄKISTAN YSLAM RESPUBLIKASY - YSLAMABAD
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
26 Few

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Şazada Edward bilen geçirilen duşuşyga gatnaşdy

2026-njy ýylyň 25-nji fewralynda Beýik Britaniýanyň Daşary işler ministrliginiň hökümet binasy bolan Lankaster-hausda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Şazada Edward, Edinburg Gersogy bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-britan gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmak meseleleri boýunça pikir alyşdylar hem-de aýratyn-da medeniýet we bilim ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösýändigini nygtadylar. *** Şazada Edwardyň, Edinburg Gersogyny...

DOWAMY
pic
25 Few

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Beýik Britaniýa we Demirgazyk Irlandiýa Birleşen Patyşalygyna sapary başlandy

2026-njy ýylyň 24-nji fewralynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň Beýik Britaniýa we Demirgazyk Irlandiýa Birleşen Patyşalygyna iş sapary başlandy. 25-nji fewralda günüň birinji ýarymynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Halkara Deňiz Guramasynyň Baş sekretary Arsenio Dominges bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşykda deňiz ulaglary we halkara gämiçilik ulgamyndaky hy...

DOWAMY
pic
25 Few

Türkmenistanyň Ilçisi we Päkistanyň Senatynyň Başlygy parlamentara hyzmatdaşlygy maslahat etdiler

25-nji fewralda Yslamabat şäherindäki Parlament binasynda Türkmenistanyň Päkistandaky Ilçisi Atajan Möwlamow Päkistanyň Senatynyň Başlygy Saýed Ýusaf Reza Gilani bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen–päkistan parlamentara hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar. Şeýle hem olar parlament dialogyny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirip, özara bähbitli bilelikdäki infrastruktura hem-de energetika taslamalarynyň öňe ilerledi...

DOWAMY
pic
24 Few

Türkmenistanyň Ilçisi Päkistanyň Ykdysadyýet ministrliginiň sekretary bilen ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy maslahat etdi

24-nji fewralda Päkistanyň Ykdysadyýet ministrliginde Türkmenistanyň Päkistandaky Ilçisi A. Möwlamow Ykdysadyýet ministrliginiň Sekretary Muhammed Humair Karim bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşykda taraplar türkmen–päkistan söwda we ykdysady hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Esasan hem energiýa, ulag we üstaşyr ulgamlardaky hyzmatdaşlygy giňeltmek, şol sanda bilelikdäki energiýa we infrastruktura taslamalary ilerletmek bilen baglanyşykly mese...

DOWAMY
pic
24 Few

Türkmenistan bilen Päkistanyň arasyndaky energiýa dialogy sebitleýin baglanyşyklary berkidýär

24-nji fewralda Yslamabat şäherinde Türkmenistanyň Ilçisi A. Möwlamow bilen Päkistanyň Federal Energetika ministri Sardar Awais Ahmad Han Legariniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda elektrik energiýasy ulgamynda bar bolan bilelikdäki taslamalary öňe ilerletmek hem-de sebitara energiýa arabaglanyşygyny berkitmek boýunça hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar infrastruktura taslamalarynyň amala aşyrylmagynyň we iki ýurduň arasynda durnukly energiýa üpjünçiligi...

DOWAMY
pic
22 Few

Türkmenistan-Amerikanyň Birleşen Ştatlary: ygtybarly häsiýete eýe bolan gatnaşyklar

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna geldi. Dostlukly ýurduň halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Lideri mähirli garşylanyldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ABŞ-a saparynyň çäklerinde “Nicklaus Companies” kompaniýasynyň prezidenti Jon Riz we kompaniýanyň ýolbaşçy düzüminiň wekilleri bilen duşuşdy. Onda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ös...

DOWAMY
pic
22 Few

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Al-Arabiýa” teleýaýlymyna interwýusy

Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän syýasatyň netijesinde ýurdumyzyň dünýäniň syýasy-ykdysady giňişliginde eýeleýän orny barha pugtalandyrylýar, dünýä ýurtlary we halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklar işjeňleşdirilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ABŞ saparynyň çäklerinde millionlarça teletomaşaçylary bolan “Al-Arabiýa” teleýaýlymynyň esasy alyp baryjysy Ri...

DOWAMY