SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Prezidenti Astanadaky “Alem.AI” halkara emeli aň merkezine baryp gördi
Gazagystan Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Alem.AI” halkara emeli aň merkezine baryp gördi. “Alem.AI” emeli aň tehnologiýalaryny, bilimi we innowasiýalary ösdürmek maksady bilen döredilen halkara emeli aň merkezidir. Ol Astana şäherinde ýerleşip, Gazagystany ýokary tehnologiýalar ulgamynda öňdäki orunlara çykarmaga gönükdirilen strategik taslamalaryň biri bolup durýar. Maglumat tehnologiýalaryny ösdürmegiň we sanlylaşdyrmagyň Türk...
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň iň ýokary sylagy – “Altyn Kyran” ordeni bilen sylaglandy
2025-nji ýylyň 25-nji noýabrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystan Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedowy Gazagystan Respublikasynyň iň ýokary sylagy – “Altyn Kyran” ordeni bilen sylaglamak dabarasy boldy. Dabaranyň dowamynda Prezident Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistanyň durmuş-ykdysady kuwwatyny, halkara abraýyny, döwlet gurluşyny yzygiderli berkitmekde görnükli döwlet işgäri we parasatly ýolbaşçy hökmünde Türkmenistanyň Prezidentiniň aýratyn ornuny nyg...
Türkmenistanyň we Gazagystanyň Prezidentleriniň arasynda ýokary derejeli gepleşikler geçirildi
2025-nji ýylyň 25-nji noýabrynda Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň Gazagystan Respublikasyna döwlet saparynyň ikinji gününde Prezidentler Serdar Berdimuhamedow bilen Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda ýokary derejeli gepleşikler geçirildi. Ir bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň awtoulag kerweni “Akorda” köşgüne bardy. Bu ýerde döwlet Baştutanyny Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew mähirli garşylady. Soňra Türkmenistanyň Prezidentini resmi garşylamak dabarasy geçi...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystan Respublikasyna döwlet sapary başlandy
2025-nji ýylyň 25-nji noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow döwlet sapary bilen Gazagystan Respublikasyna ugrady. Döwlet Baştutanyny Aşgabat şäheriniň Halkara howa menzilinde ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar. Astana şäheriniň Nursultan Nazarbaýew adyndaky Halkara howa menzilinde Prezident Serdar Berdimuhamedowy Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew mähirli garşylady. Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystan Respublikasyna döwlet sapary dowam...
Türkmenistanyň Yslamabatdaky Ilçihanasynda Awstraliýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
2025-nji ýylyň 24-nji noýabrynda Awstraliýanyň Päkistanda täze bellenen Ilçisi Tim Keýn Türkmenistanyň Ilçisi A.Möwlamow bilen duşuşdy. Türkmen Ilçisi awstraliýaly kärdeşini ýakynda Päkistanyň Prezidenti Asif Ali Zardarä Ynanç hatyny gowşurmagy bilen gutlady we Päkistandaky işinde üstünlikleri arzuw etdi. Taraplar häzirki sebit ýagdaýlaryny ara alyp maslahatlaşyp, sebitde we dünýäde parahatçylygy, ynamy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň möhümdigini nygtadylar. Ilçi A.Möwlamow Türkmenist...
Bütindünýä çagalar güni mynasybetli guralan çäre
2025-nji ýylyň 22-nji noýabrynda Bütindünýä çagalar güni mynasybetli “Bitaraplyk we ynsanperwerlik: inklýuziw geljegiň bähbidine hemmetaraplaýyn goldaw” ady bilen çäre geçirildi. Halkara ähmiýetli çäräniň dowamynda Türkmenistanda ösüp gelýän ýaş nesiller baradaky aladanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenilmegi we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegi, dünýäniň ösen tejribesiniň özleşdirilmegi bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy....
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidentiniň Russiýa Federasiýasyna iş sapary
2025-nji ýylyň 19-20-nji noýabrynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça hyýar-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti “Modanyň Arkalaşygy” atly IV halkara foruma gatnaşmak maksady bilen, Sankt-Peterburg şäherine sapary amala aşyrdy. Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy “Modanyň Arkalaşygy” halkara forumyna gatnaşmagynyň çäklerinde birnäçe wajyp duşuşyklary geçirdi...