img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
PÄKISTAN YSLAM RESPUBLIKASY - YSLAMABAD
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy boýunça rezolýusiýa kabul edildi

photo

2026-njy ýylyň 20-nji maýynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 82-nji plenar mejlisiniň dowamynda «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüş işini goldamakda hem-de berkitmekde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti» atly rezolýusiýa biragyzdan kabul edildi.

Türkmenistanyň başlangyjy boýunça işlenip taýýarlanylan bu rezolýusiýanyň awtordaşy bolup 47 döwlet çykyş etdi.

Rezolýusiýada Türkmenistanyň Hökümetiniň Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň maksatlaryna we ýörelgelerine laýyklykda bitaraplyk, öňüni alyş diplomatiýasy we parahatçylyk meseleleri boýunça dialogy institutlaşdyrmak ugrundaky tagallalary aýratyn bellenilip geçilýär.

Türkmenistan hemişelik bitarap döwlet hökmünde ählumumy we sebit derejesinde durnuklylygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmäge ukyply bolan esasy we kesgitleýji şert hökmünde hyzmatdaşlyk, özara düşünişmek hem-de birek-birege hormat goýmak gurşawyny döretmäge gönükdirilen amaly ädimleri mundan beýläk hem durmuşa geçirmegi maksat edinýär.