RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
2 Sen

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaýyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary bilen duşuşdy

Şu gün Hytaý Halk Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýan bilen duşuşygy boldy. Duşuşygyň başynda HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary belent mertebeli türkmen myhmanyny mähirli mübärekläp, çakylygy kabul edip, ŞHG-niň sammitine gatnaşandygy üç...

DOWAMY
pic
2 Sen

Türkmenistanyň wekiliýeti Bled strategik forumynyň işine gatnaşdy

2025-nji ýylyň 1–2-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Bledde (Sloweniýa) geçirilen Bled strategiki forumynyň işine gatnaşdy. Türkmen wekiliýeti bu halkara çekişme platformasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Forumyň çäklerinde M.Bäşimowa Ýewropa Bileleşigi bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi we ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşylan «The Centrality of Centra...

DOWAMY
pic
2 Sen

Türkmenistanyň Prezidenti Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine gatnaşdy

2025-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda Hytaý Halk Respublikasynda iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine gatnaşdy. HHR-iň Başlygy Si Szinpin duşuşygy açyp, çakylygy kabul edendikleri üçin hemmelere hoşallyk bildirdi we «ŞHG+» formatynyň aýratyn ähmiýetini belledi. Başlyk Si Szinpin sebitde parahatçylygy, durnukly ösüşi we abadançylygy üpjün etmäge gönükdirilen anyk ädimleriň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny aýdyp, duşuşygyň net...

DOWAMY
pic
2 Sen

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow: «Türkmenistan — Hytaý: dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň ýolunda»

Hormatly hytaýly dostlar! Ilki bilen, “Ženmin Žibao” gazetiniň ýolbaşçylaryna Türkmenistanyň wekiliýetiniň Hytaý Halk Respublikasyna saparynyň öň ýanynda şu makalany çap etmek başlangyjy bilen çykyş edendigi üçin minnetdarlyk bildirýärin. Men muňa taýýardygymy beýan etdim. Şeýle uly we abraýly neşiriň köpmillionly okyjylaryna göni ýüzlenmek olara Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky özara gatnaşyklaryň düýp mazmunyny gowy bilmäge, biziň halklarymyzyň hatyrasyna we düýpli b...

DOWAMY
pic
1 Sen

Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyzda Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzda Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň açylyş dabarasy geçirildi. Ýurdumyzda giňden bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar gününe gabat gelen bu waka milli bilim ulgamyny dünýäniň öňdebaryjy tejribesine laýyklykda ösdürmekde nobatdaky möhüm ädim boldy. Ylym-bilim ulgamyny ösdürmek babatda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan özgertmeleri häzirki wag...

DOWAMY
pic
1 Sen

Türkmenistanyň Ilçisi Päkistanyň we Türkmenistanyň portlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdy

2025-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda Päkistanyň Federal deňiz işleri ministri Muhammet Junaid Anwar bilen bolan duşuşykda Türkmenistanyň Ilçisi A.Möwlamow sebitiň söwda we ulag arabaglanyşygy üçin strategiki ähmiýete eýe bolan Türkmenbaşy, Karaçi we Gwadar deňiz portlarynyň üstaşyr we logistika mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmagyň ýollaryny ara alyp maslahatlaşdy. Sebit ýurtlarynyň arasynda durnukly ulag aragatnaşygyny üpjün etmekde möhüm rol oýnap biljek demir ýol infrastrukturasyny ösdür...

DOWAMY
pic
1 Sen

Türkmenistanyň zenanlardan ybarat wekiliýeti HHR-da iş saparda boldy

Ýakynda Türkmenistanyň zenanlardan ybarat wekiliýeti Hytaý Halk Respublikasynda saparda boldy. Iş saparyň dowamynda birnäçe wajyp duşuşyklar geçirildi. Medeni diplomatiýa uzak möhletleýin durnuklylyga, abadançylyga gönükdirilen strategik maýa goýum bolup durýar. Medeniýet, sungat, ylym-bilim, sport ýaly wajyp ugurlarynda gatnaşyklary ýola goýmak iki halkyň medeni mirasy we ruhy gymmatlyklary bilen ýakyndan tanyşmaga ýardam edýär. Bu ugurlarda gatnaşyklary işjeň ösdürmek bilen, Türkmenistan we...

DOWAMY