TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
PÄKISTAN YSLAM RESPUBLIKASY - YSLAMABAD
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy geçirildi
Fransiýa Respublikasyna amala aşyran resmi saparynyň çäginde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti Emmanuel Makron bilen duşuşygy geçirildi. Bilelikde ýadygärlik surata düşmek dabarasyndan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri bilen Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makronyň arasynda gepleşikler geçirildi. Prezident Emmanuel Makron belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, Fransiýa gelmäge çak...
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Fransiýa Respublikasyna resmi sapary barada
2025-nji ýylyň 5-6-njy maýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Fransiýa Respublikasyna resmi saparyny amala aşyrdy. Saparyň maksatnamasy örän baý boldy. Pariže gelenden soňra Gahryman Arkadagymyz Fransiýanyň resmi wekili bilen duşuşdy. Dostlukly ýurduň wekili Fransiýanyň Türkmenistan bilen köpugurly hyzmatdaşlyga ýokary baha berýändigini belledi hem-de Gahryman Arkadagymyza saparynyň üstünlikli geçmegini arzuw etdi. Türkm...
Päkistanyň Daşary işler ministrliginde Merkezi Aziýa ýurtlary bölüminiň direktory bilen duşuşyk geçirildi
2025-nji ýylyň 6-njy maýynda Päkistan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Päkistandaky Ilçihanasynyň 1-nji sekretary (konsuly) B. Ýazow we 3-nji sekretary E. Permanow bilen Päkistanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bölüminiň direktory hanym Aaýza Şujatyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň gün tertibiniň häzirki meseleleri we olary mundan beýläk-de öňe ilerletmek üçin geçirilmeli işler ara alnyp maslahatlaşyldy....
Türkmenistanyň Päkistandaky ilçihanasynda türkmen halkynyň Milli Lideriniň kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2025-nji ýylyň 28-nji aprelinde Türkmenistanyň Yslamabatdaky Ilçihanasynda ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Hakyda göwheri” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Çäräniň başynda 2024-nji “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylyny baýram etmegiň çäginde türkmen halkynyň Milli Lideriniň “Hakyda göwheri” atly täze kitabynyň halka hödürlenendigi barada aý...
Türkmenistanyň Prezidenti Monako Knýazlygynyň Şazadasynyň geňeşçisini kabul etdi
2025-nji ýylyň 27-nji aprelinde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli baýramçylyk at çapyşygynyň geçirilýän pursatlarynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Monako Knýazlygynyň Şazadasynyň geňeşçisi, Parahatçylyk we sport guramasynyň prezidenti we esaslandyryjysy Žoel Buzuny kabul etdi. Myhman türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik we duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin Prezident Serdar Berdimuhamedowa hoşallyk bildirdi. Şeýle hem ol döwlet Baştutanymyzy we Türkmenistanyň Halk Masl...
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Özbegistan Respublikasyna dostlukly sapary
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasyna iki günlük dostlukly sapary amala aşyrdy. Samarkant şäheriniň Halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Liderini Prezident Şawkat Mirziýoýew garşylady. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň we Özbek Lideriniň bilelikdäki awtoulag kerweni Samarkant şäheriniň Hazrati Hizir taryhy-medeni ýadygärlikler toplumyna ugrady. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başly...
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyтyň Gyrgyz Respublikasyna dostlukly sapary
2025-nji ýylyň 22-23-nji aprelinde Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gyrgyz Respublikasyna dostlukly sapary amala aşyrdy. Döwlet baýdaklary bilen bezelen Çolpon-Ata şäheriniň Yssyk-köl Halkara howa menzilinde haly düşelen ýodajygyň iki tarapynda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzülüpdirler. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzy Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow hem-de beýleki resmi adamlar garşyladylar. Soňra Türkm...