RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
26 Awg

Türkmenistanyň Yslamabatdaky Ilçihanasynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň netijeleri boýunça tegelek stol duşuşygy geçirildi

2025-nji ýylyň 26-njy awgustynda Päkistan Yslam Respublikasynda (Yslamabat şäheri) ýerleşýän Türkmenistanyň ilçihanasynyň binasynda, Deňize çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlary boýunça (LLDCs) BMG-nyň Üçünji maslahatynyň netijelerine we olary durmuşa geçirmek atly tegelek stol duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Päkistandaky Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň Ilçileri gatnaşdylar. Çäräniň gatnaşyjylary, deňize çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň öň...

DOWAMY
pic
25 Awg

Yslamabatda Gwadaryň işewür wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

2025-nji ýylyň 25-nji awgustynda Türkmenistanyň Yslamabat şäherindäki Ilçihanasynda Bulujystan welaýatynyň öňki Saglyk ministri, häzirki wagtda Gwadar Söwda-senagat palatasynyň ýolbaşçysy Mir Nawid Buluçyň ýolbaşçylygyndaky päkistanly işewürler bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda Türkmen tarapy Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasyna, BMG-nyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça 3-nji maslahatynyň netijelerine, şeýle hem TOPH gaz geçiriji we TOP elektrik ge...

DOWAMY
pic
25 Awg

Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrleriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

2025-nji ýylyň 25-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar we halkara syýasy arenada özara hyzmatdaşlyk etmegiň ähmiýetini bellediler. Şunuň bilen baglylykda, daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary şu ýylyň iýun aýynda Aşgabatda gol çekilen...

DOWAMY
pic
25 Awg

Günbatar Aziýa ýurtlary we Owganystan boýunça Pakistanyň DIM-niň Goşmaça sekretary bilen duşuşyk

2025-nji ýylyň 25-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Günbatar Aziýa ýurtlary we Owganystan boýunça Pakistanyň DIM-niň Goşmaça sekretary Saýed Ali Asad Gillaniniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar halkara we sebit düzümleriň çägindäki hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetine ünsi çekip, Türkmenistan bilen Pakistanyň özara gyzyklanma bildirýän ugurlardaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň türk...

DOWAMY
pic
25 Awg

Türkmenistanyň we Pakistan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler

2025-nji ýylyň 25-nji awgustynda Türkmenistanyň we Pakistan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, pakistan tarapyna bolsa Günbatar Aziýa ýurtlary we Owganystan boýunça Pakistanyň DIM-niň Goşmaça sekretary Saýed Ali Asad Gillani ýolbaşçylyk etdi. Duşuşygyň gün tertibiniň çäginde taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky i...

DOWAMY
pic
25 Awg

Türkmenistanyň DIM-nde ikitaraplaýyn resminama gol çekişlik dabarasy geçirildi

2025-nji ýylyň 25-nji awgustynda Türkmenistanyň DIM-niň binasynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda tehniki-ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyga gol çekişlik dabarasy geçirildi. Ylalaşyk Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda ykdysady, ylmy-tehniki we infrastruktura ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy giňelmäge ýardam berer. Resminama Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow we Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatda...

DOWAMY
pic
23 Awg

Ýokary derejeli duşuşygyň dowamynda Azerbaýjanyň we Özbegistanyň Baştutanlaryna sowgatlar gowşuryldy

2025-nji ýylyň 22-nji awgustynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew we Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen bilelikde geçirilen üçtaraplaýyn ýokary derejeli duşuşygynyň hormatyna medeni çärä gatnaşdylar. Bu ýerde guralan dabara Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy we yzygiderli tagallasy bilen 2007-nji ýylda döredilen “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlary bilen başlandy. Şanly wakanyň hormatyna...

DOWAMY