RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
14 Awg

Türkmenistanyň DIM-nde türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy

2025-nji ýylyň 14-nji awgustynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Szi Şuminiň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda taraplar özara gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlarda türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň ösüşiniň ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler. Türkmenistan bilen HHR-iň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmagyň esasy şertleriniň biri hö...

DOWAMY
pic
13 Awg

Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardarä we Premýer-ministri Mian Muhammad Şahbaz Şarife hem-de ýurduň ähli halkyna Pakistan Yslam Respublikasynyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. “Biz Türkmenistan bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklara ýokary baha berýäris we onuň geljekde iki ýurduň halklarynyň bähbitlerine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine...

DOWAMY
pic
12 Awg

«Hazar deňzi – dostluk we parahatçylyk deňzi» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi

2025-nji ýylyň 11-12-nji awgustynda «Awaza»milli syýahatçylyk zolagynda Hazar deňziniň gününe bagyşlanan çäreler geçirildi. Irden, 12-nji awgustda Hazar deňzi institutynyň direktory Myrat Atajanowyň alyp barmagynda «Hazar deňzi – dostluk we parahatçylyk deňzi» atly ylmy-amaly maslahatyň açylyşy dabarasy geçirildi. Maslahatyň açylyşy Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Hazar deňzi — dostluk we parahatçylyk deňzi» atly ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara ýollan Ýüzlenm...

DOWAMY
pic
11 Awg

Yslamabatda Türkmenistanyň we Awstriýanyň ilçileri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ugurlary barada pikir alyşdylar

2025-nji ýylyň 11-nji awgustynda Türkmenistanyň Päkistan Yslam Respublikasyndaky ilçisi A.Möwlamow Awstriýa Respublikasynyň Päkistanda täze bellenen ilçisi Wolfgang Oliwer Katçerany kabul etdi. Duşuşykda taraplar sebitdäki häzirki ýagdaýlar we gün tertibiniň beýleki möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Türkmen tarapy, sebitde Türkmenistanyň bitaraplyk, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň esasy ileri tutulýan ugurlary barada...

DOWAMY
pic
11 Awg

Maliýe pudagyndaky türkmen-päkistan hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

2025-nji ýylyň 11-nji awgustynda Türkmenistanyň Päkistan Yslam Respublikasyndaky ilçisi A.Möwlamow Päkistanyň Federal Maliýe we girdejiler ministri senator Muhammad Aurangzeb bilen duşuşdy. Duşuşykda taraplar maliýe we ykdysady ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň häzirki ýagdaýy we geljegi bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar türkmen-päkistan gatnaşyklarynyň dostlukly häsiýete eýedigini nygtap, özara bähbitli taslamalary we başlangyçlary durmuşa geçirmäge gö...

DOWAMY
pic
11 Awg

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

2025-nji ýylyň 11-nji awgustynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we Prezident Ilham Aliýew mähirli salamlaşyp, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler. Şunuň bilen baglylykda, dostlukly ýurduň Prezidenti Milli Liderimiziň ýakynd...

DOWAMY
pic
9 Awg

LLDC-iň üçünji maslahatynyň tamamlanmagynyň çäklerinde baýdak düşürmek dabarasy geçirildi

2025-nji ýylyň 8-nji awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň öz işini tamamlamagy mynasybetli baýdak düşürmek dabarasy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň we BMG-niň resmi wekiliýetleriniň agzalary gatnaşdylar. Baýdaklaryň dabaraly ýagdaýda düşürilmegi Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan geçirilen möhüm çäreleriň resmi taýdan tamamlanandygyny we onuň ählumumy ähmiýetliligini alamatla...

DOWAMY