SOŇKY HABARLAR
«Ene tebigat» atly halkara sungat sergisiniň açylyş dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 21-nji oktýabrynda Aşgabatda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň Geýdar Aliýew adyndaky gaznasynyň wise-prezidenti Leýla Aliýewanyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň Diwanynyň ýolbaşçysy Saida Mirziýoýewanyň gatnaşmaklarynda we gurnamaklarynda “Ene tebigat” atly halkara sungat sergisiniň açylyş dabarasy b...
Azerbaýjan Respublikasynyň Geýdar Aliýew adyndaky gaznasynyň wise-prezidenti Türkmenistana sapar bilen geldi
2026-njy ýylyň 19-njy oktýabrynda Azerbaýjan Respublikasynyň Geýdar Aliýew adyndaky gaznasynyň wise-prezidenti Leýla Aliýewa iş sapary bilen Türkmenistana geldi. Aşgabat şäheriniň Halkara howa menzilinde Geýdar Aliýew adyndaky gaznasynyň wise-prezidenti Leýla Aliýewany Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa mähirli garşylady. Soňra bu ýerdäki ýokary derejeli my...
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň daşary işler ministrleriniň «C5+1» formatyndaky duşuşygy
2026-njy ýylyň 19-njy oktýabrynda Samarkant şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretarynyň «C5+1» formatyndaky nobatdaky duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda oňa gatnaşyjylar Merkezi Aziýa ýurtlary bilen ABŞ-nyň arasynda köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň möhüm meselelerini, şeýle hem häzirki halkara ýagdaýlarynda sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar d...
Yslamabatda türkmen-saud hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmagyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy
2026-njy ýylyň 16-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Päkistandaky Ilçihanasynda Türkmenistanyň Päkistandaky Ilçisi A. Möwlamow bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň Päkistandaky Ilçisi Raje Tami Albugaminiň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň arasyndaky gatnaşyklaryň dostlukly häsiýetini we yzygiderli ösüşini nygtap, özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek üçin uly mümki...
Päkistanyň Daşary işler ministrliginde türkmen-päkistan hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy
2026-njy ýylyň 15-nji oktýabrynda Päkistanyň Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Päkistandaky Ilçisi A. Möwlamow bilen Päkistanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary we Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy (YHG) boýunça departamentiniň baş direktory Hasan Ali Zaigamyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Ilçi A. Möwlamow päkistan tarapyna şu ýylyň oktýabr aýynyň başynda Türkmenistanyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda üstünlikli geçirilen ha...
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Biodürlülik baradaky maslahatynyň Liderler sammitine gatnaşdy
2026-njy ýylyň 16-njy oktýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ermenistan Respublikasynda Biodürlülik baradaky maslahatyň çäklerinde geçirilen Liderler sammitine gatnaşdy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow goňşy ýurda iş saparynyň maksatnamasyny tamamlap, Baku şäherinden Ermenistan Respublikasyna ugrady. Birnäçe wagtdan soňra, hormatly Prezidentimiziň uçary Ýerewanyň Halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde belent mertebeli türkmen myhmanyny Ermenistan Respub...
Türkmenistanyň Prezidenti Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň VII sammitine gatnaşdy
2026-njy ýylyň 15-nji oktýabrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň nobatdaky sammitine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Azerbaýjan Respublikasyna ugrady. Geýdar Aliýew adyndaky Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy Azerbaýjan Respublikasynyň resmi adamlary hem-de Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar. Baku Kongresler merkezinde döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowy Azerbaýjan Respublikasy...