img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
PÄKISTAN YSLAM RESPUBLIKASY - YSLAMABAD
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
31 Okt

Ankarada Türkmenistanyň Prezidenti bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 30-njy oktýabrynda Serdar Berdimuhamedow bilen Prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda duşuşyk geçirildi. Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, çakylygy kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Döwlet Baştutanymyz Türki Döwletleriň Guramasynyň ş...

DOWAMY
pic
31 Okt

Türkmenistanyň Prezidenti Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň sammitine gatnaşdy

2026-njy ýylyň 30-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň XIII sammitine gatnaşdy. Ir bilen Türkmenistanyň Baştutany Türkiýäniň Prezidentiniň Köşkler toplumyna bardy. Bu ýerde türk lideri Rejep Taýyp Ärdogan mähirli garşylady we bilelikde ýadygärlik surata düşdiler.  Sammite gatnaşýan ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň bilelikde resmi surata düşmek dabarasy tamamlanandan soňra, TDG-niň döwlet Baştutanlarynyň XIII sa...

DOWAMY
pic
31 Okt

Türkmenistanyň Prezidentine «Halkara gatnaşyklary ugry boýunça hormatly doktor» derejesi berildi

2026-njy ýylyň 30-njy oktýabrynda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hajettepe uniwersitetine bardy. Ol ýerde Türkmenistanyň Prezidentine «Halkara gatnaşyklary ugry boýunça hormatly doktor» atly derejäni bermek dabarasy boldy. Uniwersitetde döwlet baştutanyny Türkiýe Respublikasynyň Wise-prezidenti Jewdet Ýylmaz we bu ýokary okuw jaýyň rektory Mehmet Jahit Güran dagylar mähirli garşyladylar. Uniwersitetiň talyplary ýurt baştutanyna gül çemenini gowşur...

DOWAMY
pic
30 Okt

Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkiýe Respublikasyna iş sapary başlandy

2026-njy ýylyň 29-njy oktýabrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň XIII sammitine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Türkiýe Respublikasyna ugrady. Ankara şäheriniň “Etimesgut” howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Jewdet Ýylmaz, Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary we Türkiýäniň işewürleri mähirli garşyladylar. Günüň ikinji ýarymynda Türki Döwletleriň Guramasyna gatnaşýan döwletleriň Baştutanlary...

DOWAMY
pic
29 Okt

Yslamabatda Türkmen diplomatlary Päkistan-Türkmenistan parlamentara dostluk toparynyň agzalary bilen duşuşdylar

2026-njy ýylyň 28-nji oktýabrynda Yslamabat şäherinde Päkistanyň Parlamentinde türkmen diplomatlary Päkistan-Türkmenistan parlamentara dostluk toparynyň başlygy Sanjaý Perwaniniň ýolbaşçylygynda bu toparyň agzalary bilen duşuşyk geçirdiler. Duşuşygyň dowamynda taraplar özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan türkmen-päkistan gatnaşyklarynyň dostlukly häsiýetini nygtap, parlamentara dialogy mundan beýläk-de ösdürmegiň möhümdigini bellediler. A. Möwlamow şu ýylyň oktýabr aýynyň başynda...

DOWAMY
pic
29 Okt

Türkmenistan Mejlisiniň Başlygy Merkezi Aziýa döwletleriniň 4-nji parlamentara forumyna gatnaşdy

2026-njy ýylyň 29-njy oktýabrynda Duşenbe şäherinde “Merkezi Aziýada parahatçylygyň, howpsuzlygyň we abadançylygyň hatyrasyna jebislik” atly Merkezi Aziýa döwletleriniň 4-nji parlamentara forumy geçirildi. Foruma Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D. Gulmanowanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti gatnaşdy. Forumyň dowamynda gatnaşyjylar parlamentara hyzmatdaşlygy ösdürmek, sebitleýin gatnaşyklary pugtalandyrmak, parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmek, şeýle hem Merkezi Aziýa dö...

DOWAMY
pic
29 Okt

Türkmenistanyň wekiliýeti Merkezi Aziýanyň halkara bilim forumyna gatnaşdy

2026-njy ýylyň 28-nji oktýabrynda Daşkent şäherinde «Merkezi Aziýa — bilim, ylym we innowasiýalaryň täze giňişligi» atly Halkara bilim forumy geçirildi. Türkmenistanyň wekiliýetine bilim ministri J. Gurbangeldiýew ýolbaşçylyk etdi. Foruma Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Türkiýe Respublikasynyň we Pakistan Yslam Respublikasynyň bilim edaralarynyň ýolbaşçylary we ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, şeýle hem halkara guramalaryň wekilleri we bilermenler gatnaşdylar. Çäräniň dowamynda bilim, ylym...

DOWAMY