SOŇKY HABARLAR
Türkmenistan Mejlisiniň Başlygy Merkezi Aziýa döwletleriniň 4-nji parlamentara forumyna gatnaşdy
2026-njy ýylyň 29-njy oktýabrynda Duşenbe şäherinde “Merkezi Aziýada parahatçylygyň, howpsuzlygyň we abadançylygyň hatyrasyna jebislik” atly Merkezi Aziýa döwletleriniň 4-nji parlamentara forumy geçirildi. Foruma Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D. Gulmanowanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti gatnaşdy. Forumyň dowamynda gatnaşyjylar parlamentara hyzmatdaşlygy ösdürmek, sebitleýin gatnaşyklary pugtalandyrmak, parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmek, şeýle hem Merkezi Aziýa dö...
Türkmenistanyň wekiliýeti Merkezi Aziýanyň halkara bilim forumyna gatnaşdy
2026-njy ýylyň 28-nji oktýabrynda Daşkent şäherinde «Merkezi Aziýa — bilim, ylym we innowasiýalaryň täze giňişligi» atly Halkara bilim forumy geçirildi. Türkmenistanyň wekiliýetine bilim ministri J. Gurbangeldiýew ýolbaşçylyk etdi. Foruma Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Türkiýe Respublikasynyň we Pakistan Yslam Respublikasynyň bilim edaralarynyň ýolbaşçylary we ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, şeýle hem halkara guramalaryň wekilleri we bilermenler gatnaşdylar. Çäräniň dowamynda bilim, ylym...
“Arkadagyň Ruhy metjidi” dini guramasynyň başlygy, Baş ymamy Ýalkap Hojagulyýewiň Päkistana iş saparynyň 2-nji güni barada
2026-njy ýylyň 27-nji oktýabrynda “Arkadagyň Ruhy metjidi” dini guramasynyň başlygy, Baş ymamy Ýalkap Hojagulyýew Päkistana saparynyň ikinji gününiň çäginde, Yslamabatda Halkara Yslam Uniwersitetiniň Prezidenti professor Ahmed Saad Alahmed, uniwersitetiň Da’wah akademiýasynyň baş direktory, Faisal metjidiniň Baş ymamy we hatibi professor Muhammad Ilýas, şeýle hem Päkistanyň Bilim we hünär taýýarlygy ministrliginiň Dini bilim müdirliginiň baş direktory, Gulam Kamar bilen duşuşyklary geçirdi. D...
“Arkadagyň Ruhy metjidi” dini guramasynyň başlygynyň Päkistana iş saparynyň 1-nji güni barada
2026-njy ýylyň 26-njy oktýabrynda Yslam medeniýetiniň we ylmynyň aýratynlyklaryny içgin öwrenmek, ruhy bilimler boýunça hünärmenleri taýýarlamak, şeýle hem bu ugurlarda halkara hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, “Arkadagyň Ruhy metjidi” dini guramasynyň başlygy, Baş ymamy Ýalkap Hojagulyýew Päkistana iş sapary bilen geldi. Saparyň çäginde, Ý.Hojagulyýew Päkistanyň Din işleri we dinara sazlaşyk boýunça ministrliginiň Federal Sekretary Ibrar Ahmad Mirza, Päkis...
Yslamabatda türkmen-päkistan gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy
2026-njy ýylyň 23-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Yslamabatdaky Ilçihanasynda Türkmenistanyň Päkistandaky Ilçisi A. Möwlamow Päkistanyň Milli Assambleýasynyň agzasy, Parlamentara Bileleşiginiň (IPU) Parahatçylyk we halkara howpsuzlyk meseleleri boýunça Hemişelik komitetiniň agzasy hanym Şarmila Faruki bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda türkmen-päkistan gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň geljegi, hususan-da, ikitaraplaýyn derejede, şeýle hem halkara we köptaraplaýyn meýdançalaryň...
Gruziýanyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçirildi
2026-njy ýylyň 23-nji oktýabrynda Batumi şäherinde Gruziýanyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň — Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary syýasy, söwda-ykdysady we ulag-energetika ulgamlarynda ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Merkezi Aziýa bilen Gara deňiz sebitini birleşdirýän ulag-üstaşyr...
Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň gününe bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi
2026-njy ýylyň 23-nji oktýabrynda Aşgabat şäherindäki BMG-niň binasynda her ýyl 24-nji oktýabrda BMG-niň Tertipnamasynyň güýje giren gününiň hormatyna bellenilýän Birleşen Milletler Guramasynyň gününe bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň goldaw bermeginde BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasy tarapyndan guralan çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri, şeýle hem köpçülikleýin h...