img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
PÄKISTAN YSLAM RESPUBLIKASY - YSLAMABAD
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
12 Okt

Aşgabatda «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy – parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forum geçirildi

2024-nji ýylyň 11-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy – parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forum geçirildi. Çärä Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýan, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuh, Pak...

DOWAMY
pic
24 Sen

Türkmenistanyň Yslamabatdaky ilçihanasynda Gyrgyz Respublikasynyň täze ilçisi bilen duşuşyk

2024-nji ýylyň 23-nji sentýabrynda Türkmenistanyň ilçisi, Yslamabatdaky Diplomatik korpusyň dekany Atajan Möwlamow Gyrgyz Respublikasynyň Päkistan Yslam Respublikasyndaky täze ilçisi  Awazbek Atahanow bilen duşuşdy. Ilçi A.Möwlamow ilçi A.Atahanowy garşy aldy we işinde üstünlik arzuw etdi. Taraplar özara gyzyklanýan meseleler we sebitdäki iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşdylar.

DOWAMY
pic
23 Sen

Türkmenistanyň ilçisi Palestina döwletiniň Ilçisi bilen duşuşdy

2024-nji ýylyň 23-nji sentýabrynda Türkmenistanyň ilçisi, Yslamabatdaky Diplomatik korpusyň dekany Atajan Möwlamow Palestina döwletiniň Päkistan Yslam Respublikasyndaky täze ilçisi Doktor Zuhair Muhammet Hamadallah Zaýd bilen duşuşdy. Duşuşykda taraplar Yslamabatdaky diplomatik korpusyň işi barada pikir alyşdylar we özara gyzyklanýan meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

DOWAMY
pic
20 Sen

Türkmen diplomatlary Yslamabat şäherinde geçirilen welosiped çäresine gatnaşdylar

2024-nji ýylyň 20-nji sentýabrynda türkmen diplomatlary möhüm welosiped çäresi - Päkistanyň premýer-ministri tarapyndan ýaşlar maksatnamasy tarapyndan gurnalan “Durmuş üçin tigir sürmek” çäresine gatnaşdylar. Türkmenistanyň ilçisi Atajan Möwlamow, Türkmenistanyň ilçihanasynyň 3-nji sekretary Eldar Permanow we Yslamabatdaky diplomatik korpusyň wekilleri tigir sürmek we sagdyn durmuş ýörelgeleri bilen köp sanly janköýer bilen bilelikde D-chowkdan Konstitusiýa şaýolunyň ugrunda welosiped sürüp,...

DOWAMY
pic
18 Sen

Türkmenistanyň ilçisi Päkistanyň Söwda boýunça Federal ministri bilen duşuşdy

2024-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Päkistandaky ilçisi Atajan Möwlamow Päkistanyň Federal Söwda ministri Jam Kamal Han duşuşdy. Duşuşykda taraplar ozal gazanylan şertnamalaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilişini ara alyp maslahatlaşdylar. Iki dogan döwletiň ikitaraplaýyn we tranzit söwdasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin iki tarapyň has işjeň gatnaşmagynyň zerurdygyny bellediler. Taraplar esasy şertnamalary baglaşmaga we geljekdäki hyzmatdaşlyk üçin täze pudaklary öwrenmäge ünsi...

DOWAMY
pic
3 Sen

Türkmenistanyň Päkistandaky ilçisi BMG-a agza ýurtlaryň wekilleri üçin geçirilen brifingde çykyş etdi

BMG-nyň agentliginiň işgärleri 2024-nji ýylyň 3-nji sentýabrynda Yslamabatda akkreditlenen daşary ýurt ilçileri üçin brifing geçirdi. BMG guramalarynyň Päkistanyň halkyny we hökümetini goldamak üçin alyp barýan işlerine bagyşlanan bu çärä BMG-nyň Pakistandaky rezident utgaşdyryjysy Muhammet yaahýa we Türkmenistanyň ilçisi Atajan Movlamow ýolbaşçylyk etdi. BMG guramalarynyň wekilleri bilim pudagynda häzirki ýagdaýy gowulandyrmak üçin görýän çäreleri, şeýle hem soňky musson ýagyşlarynyň ýurd...

DOWAMY
pic
31 Awg

Türkmenistanyň Ilçisi Belgiýa Patşalygynyň ilçisi bilen duşuşdy

2024-nji ýylyň 30-njy awgustynda Türkmenistanyň ilçisi, Atadjan Möwlamow Belgiýa Patşalygynyň Päkistan Yslam Respublikasyndaky Ilçisi Çarels Idesbald wan Der Graht de Rommerswaýel bilen duşuşdy. Ilçi A.Mowlamow Belgiýanyň ilçisini Päkistanda işine başlamagy bilen gutlady we oňa üstünlik arzuw etdi. Şeýle hem ol Yslamabatdaky Diplomatik Korpusyň durmuşy we işleri barada gürrüň berdi. Duşuşykda taraplar sebitdäki we onuň daşyndaky ýagdaýlary ara alyp maslahatlaşdylar.

DOWAMY