TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
PÄKISTAN YSLAM RESPUBLIKASY - YSLAMABAD
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
Türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygy boýunça pikir alyşmalar geçirildi
2023-nji ýylyň 10-njy noýabrynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowanyň Birleşen Arap Emirlikleriniň Federal Milli geňeşiniň agzasy, «Hidaýah» zorlukly ekstremizme garşy Halkara merkeziniň direktorlar geňeşiniň başlygy Ali Raşid Al-Nuaýminiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşygy geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar döwletara hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny, şeýle hem köptaraplaýyn diplomatiýanyň çäklerinde türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygynyň geljegini ar...
Türkmenistanda Filippinler Respublikasynyň ilçisi akkreditirlendi
2023-nji ýylyň 9-njy noýabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Filippinler Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Roberto G.Manalodan ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa iki ýurduň arasynda köpugurly hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak, halklarymyzyň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça asylly işinde üstünlikleri arzuw etdi. Fi...
Türkmenistanyň Baştutany YHG-nyň döwlet Baştutanlarynyň sammitine gatnaşdy
2023-nji ýylyň 9-njy noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna (YHG) agza ýurtlaryň Baştutanlarynyň 16-njy Sammitiniň Geňeşine gatnaşdy. «Bilelikde ykdysady durnuklylyga we ösüşe tarap» şygary astynda geçirilýän nobatdaky sammite Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Tü...
Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleriniň duşuşygy
2023-nji ýylyň 9-njy noýabrynda Özbegistan Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewyň arasynda duşuşyk geçirildi. Özbegistanyň Prezidenti belent mertebeli türkmen myhmanyny hem-de wekiliýet agzalaryny mübärekläp, hormatly Prezidentimize Özbegistana gelmek hem-de YHG-a gatnaşyjy döwletleriň Baştutanlarynyň nobatdaky sammitine gatnaşmak baradaky çakylygy kabul edendigi üçin hoşallyk bildirdi. Prezi...
Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň mejlisine gatnaşýar
2023-nji ýylyň 9-njy noýabrynda Daşkentde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 16-njy mejlisi başlandy, oňa Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gatnaşýar. Döwlet Baştutanymyz Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde dürli ugurlarda özara peýdaly hyzmatdaşlygy ösdürmek baradaky Türkmenistanyň garaýşyny beýan eder. Abraýly halkara we sebit guramalary, şol sanda YHG bilen köpugurly hyzmatdaşlyk etmek Türkmenistanyň parahatçylyksöýüjilik, oňyn Bitaraplyk we netijeli hyzmatdaşlyk ý...
Türkmenistanyň Päkistandaky Ilçihanasynda Yslamabat söwda we senagat edarasynyň wekilýeti bilen geçirilen duşuşyk
2023-nji ýylyň 08-nji noýabrynda Yslamabat söwda we senagat palatasynyň Prezidenti Ahsan Zafar Bakhtawariniň ýolbaşçylygyndaky wekilýet bilen Türkmenistanyň Päkistandaky Ilçihanasynyň (Yslamabat ş.) edara binasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda taraplar TOPH we TOP iri energiýa taslamalarynyň durmuşa geçirilişiniň gidişi we sebitiň ýurtlarynyň ykdysady ösüşine etjek täsiri barada pikir alyşdylar. Şeýle hem, iki ýurdyň arasyndaky söwda dolanyşygyny giňeltmek üçin bilelikdäki söwda sergilerin...
TÜRKMENISTAN BILIM ULGAMYNDA MAGLUMAT TEHNOLOGIÝALARYNDAKY HYZMATDAŞLYGYŇ ÝOL KARTASYNA GOL ÇEKDI
2023-nji ýylyň 9-njy noýabrynda Türkmenistanyň daşary syýasy edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet baradaky guramasynyň (UNESCO) Bilim ulgamynda maglumat tehnologiýalary boýunça Institutynyň arasynda 2024-2025-nji ýyllarda hyzmatdaşlyk etmek boýunça Ýol kartasyna gol çekişlik dabarasy geçirildi. Bu resminama Türkmenistanyň bilim ministri G.Ataýewa we ÝUNESKO-nyň bilim tehnologiýalary institutynyň müdiri Tao Çžan gol...