RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
28 Apr

Türkmenistanyň Prezidenti Monako Knýazlygynyň Şazadasynyň geňeşçisini kabul etdi

2025-nji ýylyň 27-nji aprelinde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli baýramçylyk at çapyşygynyň geçirilýän pursatlarynda  Prezident Serdar Berdimuhamedow Monako Knýazlygynyň Şazadasynyň geňeşçisi, Parahatçylyk we sport guramasynyň prezidenti we esaslandyryjysy Žoel Buzuny kabul etdi. Myhman türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik we duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin Prezident Serdar Berdimuhamedowa hoşallyk bildirdi. Şeýle hem ol döwlet Baştutanymyzy we Türkmenistanyň Halk Masl...

DOWAMY
pic
25 Apr

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Özbegistan Respublikasyna dostlukly sapary

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasyna iki günlük dostlukly sapary amala aşyrdy. Samarkant şäheriniň Halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Liderini Prezident Şawkat Mirziýoýew garşylady. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň we Özbek Lideriniň bilelikdäki awtoulag kerweni Samarkant şäheriniň Hazrati Hizir taryhy-medeni ýadygärlikler toplumyna ugrady. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başly...

DOWAMY
pic
24 Apr

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyтyň Gyrgyz Respublikasyna dostlukly sapary

2025-nji ýylyň 22-23-nji aprelinde Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gyrgyz Respublikasyna dostlukly sapary amala aşyrdy. Döwlet baýdaklary bilen bezelen Çolpon-Ata şäheriniň Yssyk-köl Halkara howa menzilinde haly düşelen ýodajygyň iki tarapynda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzülüpdirler. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzy Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow hem-de beýleki resmi adamlar garşyladylar. Soňra Türkm...

DOWAMY
pic
23 Apr

Päkistanyň Daşary işler ministrliginde Goşmaça sekretar bilen duşuşyk geçirildi

2025-nji ýylyň 23-nji aprelinde Päkistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň ilçisi A.Möwlamow Päkistanyň Daşary işler ministrliginiň Goşmaça sekretary (Owganystan we Günbatar Aziýa) Saýed Ali Asad Gillani bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşykda özara gyzyklanma bildirilýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ugurlaryny mundan beýläk hem ösdürmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. TOPH (Türkmenistan - Owganystan - Päkistan - Hindistan) we TOP (Türkmenistan - Owganystan - Päkistan) ýa...

DOWAMY
pic
23 Apr

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Gazagystan Respublikasyna dostlukly sapary tamamlandy

2025-nji ýylyň 22-nji aprelinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna dostlukly sapary tamamlandy. Saparynyň ikinji gününde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşygy boldy. Gazagystanyň Baştutany türkmen halkynyň Milli Liderini mähirli mübärekläp, belent mertebeli myhmana G...

DOWAMY
pic
22 Apr

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Gazagystan Respublikasyna dostlukly sapary başlandy

2025-nji ýylyň 21-nji aprelinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly sapar bilen Gazagystan Respublikasyna ugrady. Türküstan şäheriniň Hazret Sultan Halkara howa menzilinde belent mertebeli türkmen myhmanyny Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew we beýleki resmi adamlar mähirli garşyladylar. Gazagystan Respublikasyna saparynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri Türküstan şäherindäki Hazret Sul...

DOWAMY
pic
16 Apr

Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito bilen duşuşdy

2025-nji ýylyň 15-nji aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Imperator Naruhito bilen duşuşdy. Duşuşyk Ýaponiýanyň Imperatorynyň köşgünde geçdi. Ýaponiýanyň Imperatory Türkmenistanyň Prezidentini mähirli mübärekläp, häzirki wagtda iki dostlukly ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ösüşiň täze derejesine çykandygyny aýtdy hem-de Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýa ilkinji saparynyň ähmiýetini belledi.  Şeýle-de Imperator döwlet Baştutanymyzy “EKSPO - 2025” Bütindünýä s...

DOWAMY