TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
PÄKISTAN YSLAM RESPUBLIKASY - YSLAMABAD
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary bilen duşuşdy
2025-nji ýylyň 4-nji awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Prezident Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin ýurdumyza sapar bilen gelen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen duşuşdy. Döwlet Baştutanymyz belent mertebeli myhmany türkmen topragynda mübärekläp, Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmaga ça...
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Parlament forumy geçirildi
2025-nji ýylyň 4-nji awgustynda Awazada Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň (LLDC 3) öňüsyrasynda Parlament forumy geçirildi. Çärä parlamentariler, BMG-niň, halkara guramalaryň, hususy pudagyň, ylmy toparlaryň we raýat jemgyýetiniň wekilleri gatnaşdylar. Forumyň açylyşy Türkmenistanyň Mejlisiniň, BMG-niň LLDC-niň işleri boýunça Ýokary wekiliniň Kätipliginiň (OHRLLS), Parlamentara Bileleşiginiň we BMG-niň Baş Assambleýasynyň...
Türkmenistan – BMG: hyzmatdaşlygyň taryhynda täze tapgyr
2025-nji ýylyň 3-nji awgustynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş Hazaryň kenarynda geçirilýän BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak maksady bilen Türkmenistana geldi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretary bilen mähirli salamlaşyp, ony mukaddes türkmen topragynda görýändigine şatdygyny belledi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň B...
Lahor Söwda-senagat palatasynyň wekiliýeti Türkmenistanyň Yslamabatdaky Ilçihanasyna bardy
2025-nji ýylyň 1-nji awgustynda Türkmenistanyň Yslamabatdaky Ilçihanasynda Lahor Söwda-senagat palatasynyň Baş sekretary Şahid Haliliň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşykda Türkmenistan bilen Päkistanyň arasynda söwda we ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Iki ýurduň hususy pudagynyň wekilleriniň arasynda gönüden-göni işewür gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna, onuň üçin amatly şertleriň döredilmegine, şeýle hem sergileri we maýa goýu...
Indoneziýanyň täze bellenen ilçisi Türkmenistanyň Yslamabatdaky Ilçihanasyna bardy
2025-nji ýylyň 1-nji awgustynda Türkmenistanyň Yslamabatdaky Ilçihanasynda bolan duşuşykda Türkmenistanyň Ilçisi A. Möwlamow Indoneziýanyň Päkistanda täze bellenen Ilçisi Çandra Warsenanto Sukotýony täze diplomatik wezipä bellenmegi bilen gutlady we işinde üstünlikleri arzuw etdi. Duşuşykda taraplar söwda, maýa goýum, energiýa, ulag we logistika ýaly pudaklarda uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtap, türkmen-indonez hyzmatdaşlygyny ösdürmek bilen bagly meseleler barada pikir alyşdylar. Iki ýur...
Türkmenistanyň we Seýşeller Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi
2025-nji ýylyň 31-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Seýşeller Respublikasynyň Daşary işler we syýahatçylyk ministri Silwester Radegondyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegine garadylar. Söhbetdeşlikde BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC 3) taýýarlyk meselelerine aýrat...
Türkmenistanyň Yslamabatdaky Ilçihanasynda ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy
2025-nji ýylyň 29-njy iýulynda Türkmenistanyň Ilçihanasynda Päkistanyň görnükli syýasatçysy we Diplomatik dostluk toparynyň başlygy Muhammed Ali Durrani bilen geçirilen duşuşykda, baky Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň ýörelgelerini, ýurduň söwda-ykdysady, maýa goýum mümkinçiliklerini we halkara hyzmatdaşlygy üçin amatly şertleri açyp görkezýän prezentasiýa görkezildi. Türkmen tarapy Päkistan bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we söwda-ykdysady gatnaşyklary giňel...