SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Kawkaz musulmanlarynyň müdiriýetiniň başlygy bilen gepleşikleri
2025-nji ýylyň 16-njy iýulynda günüň ikinji ýarymynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kawkaz musulmanlarynyň müdiriýetiniň başlygy Şeýh-ul-islam Allahşukur Paşazade bilen duşuşygy boldy. Allahşukur Paşazade belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, türkmen halkynyň Milli Lideri bilen duşuşmagyň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy we ruhy-medeni gymmatlyklary ilerletmekde şeýle duşuşyklaryň möhüm ähmiýetini belledi. Şeýle-de...
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň Başlygy bilen duşuşygy geçirildi
2025-nji ýylyň 16-njy iýulynda Azerbaýjan Respublikasyna amala aşyran saparynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň Başlygy Sahiba Gafarowa bilen duşuşygy geçirildi. Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň Başlygy türkmen halkynyň Milli Liderini Azerbaýjanyň milli parlamentiniň agzalary bilen, öz nobatynda, türkmen halkynyň Milli Lideri hem Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň B...
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy
2025-nji ýylyň 16-njy iýulynda Geýdar Aliýew adyndaky Halkara howa menzilinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny Azerbaýjan Respublikasynyň resmi adamlary, şeýle-de ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalary garşyladylar. Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Lideri bilen Azerbaýjanyň resmi wekiliniň arasynda söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşler häzirki wagtda Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklara ýokary baha berdiler. Azer...
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Azerbaýjan Respublikasyna sapary başlandy
2025-nji ýylyň 16-njy iýulynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow sapar bilen Azerbaýjan Respublikasyna ugrady. Türkmen halkynyň Milli Lideri paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinden ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar. Biraz wagtdan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň uçary iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Baku şäheriniň Geýdar Aliýew adyndaky halkara howa men...
Türkmenistan bilen Ruanda Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklar ýola goýuldy
2025-nji ýylyň 14-nji iýulynda Nýu-Ýork şäherinde Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasynyň edarasynda Türkmenistan bilen Ruanda Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak hakynda Bilelikdäki Beýanata gol çekişlik dabarasy geçirildi. Gol çekişlik dabarasyndan öň Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili Aksoltan Ataýewa bilen Ruanda Respublikasynyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili Martin K Ngoganyň arasynda ikitaraplaýyn we kö...
Awazada BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna taýýarlyk görmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2025-nji ýylyň 13-nji iýunynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow guramaçylyk döwlet toparynyň şu ýylyň 4-8 -ji awgusty aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny geçirmäge bagyşlanan maslahatyny geçirdi. Maslahatyň dowamynda halkara maslahaty we onuň çäklerinde guraljak ugurdaş çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirm...
KHBS üçin maglumat
Ukrainanyň habar beriş serişdeleri tarapyndan Türkmenistan barada ýaýradylan tarapgöý häsiýetli habarlar bilen baglanyşykly Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi aşakdakylary beýan edýär. Türkmen tarapy şu ýylyň 8-nji iýulynda Ukrainanyň «FREEДОМ» teleýaýlymynda Türkmenistanyň internete elýeterlilik babatynda göýä «ýapyklygy» barada aýdylan tarapgöý häsiýetli we hakykata laýyk gelmeýän maglumatlary bilen baglylykda nägileligini bildirýär. Bu ýagdaý aňrybaş düşünişmezligi döredýär, çünki...