Türkmenistanyň Ilçihanasynda senator Muhammet Talha Mahmudyň ýolbaşçylygyndaky wekilýet bilen duşuşyk geçirilendigi barada

img
img
img
img

30-njy iýulda Türkmenistanyň Päkistandaky Ilçihanasynda senator Muhammet Talha Mahmudyň ýolbaşçylygyndaky wekilýet bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda myhmanlara şu ýyl beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny belleýän Türkmenistan barada giňişleýin gürrüň berildi.

Taraplar söwda we ykdysady hyzmatdaşlygyň ägirt uly mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar we iki ýurduň işewür toparlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy güýçlendirmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşdylar.