Päkistanyň Habib Rafiq (Pvt.) Ltd. kompaniýasy Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýär
2026-njy ýylyň 14-nji maýynda Türkmenistanyň Päkistandaky Ilçihanasynda Päkistanyň Habib Rafiq (Pvt.) Ltd. kompaniýasynyň baş dolandyryjy direktory Aslam Maligiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň mümkinçiliklerini hem-de gurluşyk, maýa goýum we häzirkizaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmak ugurlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmen tarapy gatnaşyjylara Türkmenistanda ulag we inženerçilik düzümlerini döwrebaplaşdyrmaga, häzirkizaman awtomobil ýollaryny gurmaga hem-de senagat desgalaryny ösdürmäge gönükdirilen iri möçberli taslamalar barada gürrüň berdi.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar işewürlik gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge hem-de özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça netijeli dialogy dowam etdirmäge taýýardyklaryny beýan etdiler.