Päkistanyň Parlament işleri boýunça federal ministri Türkmenistanyň Yslamabatdaky Ilçihanasyna bardy
2026-njy ýylyň 3-nji iýunynda Türkmenistanyň Yslamabatdaky Ilçihanasynda Päkistan Yslam Respublikasynyň Parlament işleri boýunça federal ministri Tarik Fazal Çaudry bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar sebit durnuklylygy we howpsuzlygy bilen bagly möhüm meseleleri, şeýle hem Türkmenistan bilen Päkistanyň arasynda özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Ilçi A.Möwlamow myhmany Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary, şeýle hem ýurtda alnyp barylýan durmuş-ykdysady ösüş maksatnamalary bilen tanyşdyrdy. Şunda "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan— bedew batly at-myradyň mekany" şygary astynda geçýän 2026-njy ýylda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli geçirilýän çäreler barada aýratyn bellenildi. Nygtalyşy ýaly, bu şanly sene ýurduň durnukly ösüş ýolunda gazanan uly üstünlikleriniň, döwlet dolandyryşynyň kämilleşdirilmeginiň hem-de syýasy, ykdysady, durmuş we ynsanperwer ugurlarda giň gerimli özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýanydyr.
Şeýle-de, ministre Türkmenistanyň sebitde durmuşa geçirýän iri energetika we infrastruktura taslamalary barada giňişleýin gürrüň berildi. Bu taslamalaryň energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmakda, sebitara arabaglanyşygy ösdürmekde hem-de Merkezi we Günorta Aziýa ýurtlarynyň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmekde strategik ähmiýete eýedigi bellenildi.
Mundan başga-da, taraplar parlamentara hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegi barada pikir alyşdylar hem-de energetika, ulag-aragatnaşyk, söwda, maýa goýumlary we ynsanperwer gatnaşyklar ugurlarynda türkmen-päkistan hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtadylar.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda bilelikdäki başlangyçlary ilerletmäge taýýardyklaryny tassykladylar.