Ahalteke bedewleri boýunça ilkinji Dünýä çempionaty Niderlandlar Patyşalygynda geçiriler
2026-njy ýylyň 4–6-njy sentýabry aralygynda Niderlandlar Patyşalygynyň Peelbergen Equestrian Centre atly atçylyk toplumynda Ahalteke bedewleri boýunça ilkinji Dünýä çempionaty geçiriler.
Bu iri halkara çäre dünýäniň dürli ýurtlaryndan ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirijileri, eýelerini, atçylyk pudagynyň hünärmenlerini, halkara eminlerini we bu ajaýyp tohuma uly gyzyklanma bildirýänleri bir ýere jemlär.
Ahalteke bedewi Türkmenistanyň milli buýsanjy, gadymy taryhynyň we baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Müňýyllyklaryň dowamynda ol gözelligiň, asyllylygyň, çydamlylygyň, ýyndamlygyň hem-de wepalylygyň nyşany hökmünde dünýäde giňden tanalýar. Türkmenistanda ahalteke bedewlerini gorap saklamak, ösdürmek we dünýäde wagyz etmek ugrunda durmuşa geçirilýän döwlet syýasaty netijesinde bu ajaýyp tohum halkara derejesinde uly abraýa eýe boldy.
Çempionatyň çäklerinde bedewleriň halkara bäsleşikleri, hünärmenleriň baha beriş çäreleri, tanyşdyryş çykyşlary, medeni maksatnama hem-de atçylyk pudagynda tejribe alyşmak boýunça duşuşyklar geçiriler. Şeýle hem bu çäre ahalteke bedewleriniň baý taryhy-medeni mirasyny dünýä ýaýmak üçin möhüm mümkinçilik bolar.
Ilkinji Dünýä çempionaty ahalteke bedewleriniň halkara derejesindäki abraýyny has-da ýokarlandyrmaga, dürli ýurtlaryň atçylyk guramalarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga hem-de bu ajaýyp tohumyň geljek nesiller üçin gorap saklanmagyna möhüm goşant goşar.
Çempionata dünýäniň köp sanly döwletlerinden gatnaşyjylaryň we myhmanlaryň gatnaşmagyna garaşylýar.