img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
PÄKISTAN YSLAM RESPUBLIKASY - YSLAMABAD
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmenistanyň Päkistandaky Ilçihanasynda Maglumat tehnologiýalary we telekommunikasiýalar ministrliginiň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

img
img
img
img

2026-njy ýylyň 20-nji awgustynda Türkmenistanyň Päkistandaky Ilçihanasynda Päkistan Yslam Respublikasynyň Maglumat tehnologiýalary we telekommunikasiýalar ministrliginiň Halkara utgaşdyrma bölüminiň agzasy Muhammad Amir Maligiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda maglumat tehnologiýalary ulgamynda iki ýurduň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar hyzmatdaşlygy giňeltmek we dürli ugurlarda täze bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.

Duşuşygyň çäklerinde myhmanlara Türkmenistanyň maglumat tehnologiýalary ulgamyndaky döwlet syýasaty barada giňişleýin maglumat berildi. Bu syýasatyň ösen tehnologiýalary ornaşdyrmak, ykdysadyýeti, döwlet dolandyryşyny we durmuş ulgamyny doly sanlaşdyrmak arkaly ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilýändigi bellenildi.

Şeýle hem myhmanlara Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» şygary astynda geçirilýän çäreler barada maglumat berildi.

Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň sentýabr aýynda geçiriljek mejlisiniň taryhy we jemgyýetçilik-syýasy ähmiýetine aýratyn üns çekildi. Şeýle-de 2026-njy ýylyň 4–6-njy sentýabrynda Niderlandlar Patyşalygynda ilkinji gezek geçiriljek Ahalteke atlarynyň dünýä çempionaty barada gürrüň edildi. Bu halkara çäräniň Ahalteke bedewleriniň dünýä derejesinde meşhurlygyna artdyrmaga, medeni gatnaşyklary ösdürmäge we Türkmenistanyň halkara abraýyny has-da berkitmäge möhüm goşant goşjakdygy bellenildi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar halkara arenada birek-biregiň başlangyçlaryny mundan beýläk-de goldamaga, şeýle hem Türkmenistan bilen Päkistanyň arasyndaky dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklary yzygiderli ösdürmäge taýýardyklaryny tassykladylar.