img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
PÄKISTAN YSLAM RESPUBLIKASY - YSLAMABAD
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmenistanyň Ilçisi Päkistanyň Premýer-ministriniň Syýahatçylyk boýunça geňeşçisi we milli utgaşdyryjysy bilen duşuşdy

img
img
img
img

2026-njy ýylyň 20-nji awgustynda Yslamabat şäherindäki “The Centaurus Group” kompaniýasynyň baş edarasynda Türkmenistanyň Päkistandaky Ilçisi A. Möwlamow Päkistanyň Premýer-ministriniň Syýahatçylyk boýunça geňeşçisi we milli utgaşdyryjysy, “The Centaurus Group” kompaniýasynyň baş ýerine ýetiriji direktory Sardar Ýasir Ilýas Han bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Päkistanyň arasynda syýahatçylyk ulgamyndaky, şeýle hem medeni-ynsanperwer ugurlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy.

Duşuşykda 2026-njy ýylyň Türkmenistanda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” şygary astynda geçirilýändigi we ýurdumyzyň döwlet Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň giňden bellenilýändigi aýratyn nygtaldy.

Türkmenistanyň Ilçisi ýubileý ýylynyň çäklerinde milli atşynaslygy ösdürmek we dünýä belli ahalteke bedewleriniň meşhurlygyny artdyrmak boýunça geçirilýän çäreler barada Päkistan tarapyna giňişleýin maglumat berdi. Şunuň bilen baglylykda, 2026-njy ýylyň 4–6-njy sentýabrynda Niderlandlar Patyşalygynyň Pilberg atly sport merkezinde geçiriljek Ahalteke bedewleriniň ilkinji Bütindünýä çempionatynyň ähmiýetine aýratyn üns çekildi.

Päkistan tarapy Türkmenistanyň we Päkistanyň degişli edaralarynyň arasynda atçylyk sporty boýunça hyzmatdaşlygy ýola goýmaga we ösdürmäge gyzyklanma bildirdi. Hususan-da, bilelikdäki çäreleri geçirmek, tejribe we hünär bilimleri alyşmak, şeýle hem iki ýurduň atçylyk guramalarynyň hünärmenleriniň we wekilleriniň arasynda gatnaşyklary giňeltmek boýunça mümkinçilikler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar sport, syýahatçylyk, medeni we ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge, şeýle hem Türkmenistanyň we Päkistanyň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilen bilelikdäki başlangyçlaryň durmuşa geçirilmegine ýardam bermäge taýýardyklaryny tassykladylar.