img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
PÄKISTAN YSLAM RESPUBLIKASY - YSLAMABAD
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Päkistanyň Daşary işler ministrliginde türkmen-päkistan hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

photo

2026-njy ýylyň 15-nji oktýabrynda Päkistanyň Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Päkistandaky Ilçisi A. Möwlamow bilen Päkistanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary we Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy (YHG) boýunça departamentiniň baş direktory Hasan Ali Zaigamyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda Ilçi A. Möwlamow päkistan tarapyna şu ýylyň oktýabr aýynyň başynda Türkmenistanyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda üstünlikli geçirilen halkara çäreler barada gürrüň berdi. Ol bu çäreleriň Türkmenistanyň halkara derejede netijeli dialogy ösdürmäge, köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, durnukly ösüşi we sebitde abadançylygy üpjün etmek boýunça bilelikdäki tagallalary ilerletmäge ygrarlydygyny görkezýändigini nygtady.

Hasan Ali Zaigam Türkmenistanyň hökümetiniň ýokary derejeli halkara çäreleri guramak boýunça alyp barýan işlerine ýokary baha berip, olaryň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde, döwletleriň arasynda özara düşünişmegi pugtalandyrmakda hem-de durnukly ösüş babatda umumy maksatlara ýetmekde möhüm ähmiýete eýedigini belledi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Päkistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljekki ösüş mümkinçilikleri barada hem giňişleýin pikir alşyldy. Taraplar özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň mümkinçiliklerine, şeýle hem iki ýurduň arasyndaky dialogy we özara hereketleriň utgaşdyrylmagyny ösdürmäge aýratyn üns berdiler.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmek, şeýle hem iki dostlukly we doganlyk ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmak maksady bilen dürli derejelerde yzygiderli gatnaşyklary dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.