img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
PÄKISTAN YSLAM RESPUBLIKASY - YSLAMABAD
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
28 Sen

Türkmenistanyň şanly Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk dabaralary Päkistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden ýaýbaňlandyryldy

27-nji sentýabrda - Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününde Päkistan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrligi öz resmi X sahypasynda Türkmenistanyň Hökümetini we halkyny bu şanly sene bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de Türkmenistanyň halkyna parahatçylyk we rowaçlyk, şeýle hem iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek babatdaky arzuwlaryny beýan etdi. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli geçirilen maglumat kampaniýasynyň çäklerinde 2026-njy ýylyň...

DOWAMY
pic
24 Sen

Türkmenistanyň DIM-nde Halk Maslahatynyň mejlisiniň jemlerine bagyşlanan iş maslahaty geçirildi

2026-njy ýylyň 24-nji sentýabrynda Türkmenistanyň DIM-niň binasynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisiniň jemlerine bagyşlanan iş maslahaty geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary, şeýle hem daşary ýurtlarda akkreditirlenen Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda Halk Maslahatynyň mejlisini...

DOWAMY
pic
24 Sen

Türkmenistanyň DIM-nde döwlet sylaglaryny gowşurmak dabarasy geçirildi

2026-njy ýylyň 24-nji sentýabrynda Türkmenistanyň DIM-niň binasynda ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň işgärlerine Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli döwlet sylaglaryny gowşurmak dabarasy geçirildi. Çykyşynyň dowamynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň öňüsyrasynda ýurtda geçirilýän çäreleriň aýratyn ähmiýetini nygtady. Şeýle hem bir gün öň Aşgabat şäherinde türkmen...

DOWAMY
pic
24 Sen

Aşgabatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi

2026-njy ýylyň 23-nji sentýabrynda Aşgabat şäheriniň Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlise Hökümet agzalary, Mejlisiň deputatlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, syýasy partiýalaryň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, welaýatlaryň, etraplaryň we şä...

DOWAMY
pic
21 Sen

Aşgabatda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň nobatdaky maslahaty geçirildi

2026-njy ýylyň 19-njy sentýabrynda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahaty geçirildi. Forumyň işi başlamazdan öň Garaşsyzlyk ýadygärligine gül goýmak dabarasy geçirildi. Soňra Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylar Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezine baryp, bu ýerde ýaýbaňlandyrylan sergi bilen tanyşdylar. Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahaty açyk...

DOWAMY
pic
18 Sen

Türkmenistanyň Ilçisi Yslamabatda geçirilen LCCI-niň kabul edişliginde Baş myhman hökmünde çykyş etdi

2026-njy ýylyň 18-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Päkistandaky Ilçisi A. Möwlamow Yslamabat şäherindäki “Serena” myhmanhanasynda Lahor Söwda-senagat edarasy (LCCI) tarapyndan Päkistanda akkreditirlenen daşary ýurtlaryň Ilçileri üçin gurnalan “Ambassadors’ Dinner 2026” çäresine Baş myhman hökmünde gatnaşdy. Çäräniň dowamynda LCCI-niň prezidenti we wise-prezidentleri diplomatik korpusyň wekillerine çärä gatnaşýandyklary üçin minnetdarlyk bildirip, Söwda-senagat edarasynyň gazanan sepgitleri bar...

DOWAMY
pic
17 Sen

Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitine gatnaşdy

2026-njy ýylyň 16-njy sentýabrynda Koreýa döwlet saparynyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” ilkinji sammitine gatnaşdy. Sammitiň geçiriljek ýerinde Prezident Serdar Berdimuhamedowy Koreýa Respublikasynyň Prezidenti mähirli garşylady. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň bilelikde resmi surata düşmek dabarasy tamamlanandan soňra, “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” ilkinji sammiti öz işine başlady. Ýo...

DOWAMY