TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
PÄKISTAN YSLAM RESPUBLIKASY - YSLAMABAD
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji ýubileý sessiýasynyň çäklerinde Eswatininiň Patyşasy bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň çäklerinde Eswatininiň Patyşasy Mswati III bilen duşuşdy. Söhbetdeşler birek-biregi mähirli mübärekläp, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji ýubileý sessiýasynyň çäklerinde duşuşmaga we ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň ugurlary barada pikir alyşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler. Eswatininiň Patyşasy şu ýylyň awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bol...
Türkmenistanyň Prezidenti Kuweýt Döwletiniň Mirasdüşer Şazadasy bilen duşuşdy
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Kuweýt Döwletiniň Mirasdüşer Şazadasy Şeýh Sabah Al-Halid Al-Sabah bilen duşuşdy. Söhbetdeşler ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we olary ösdürmegiň geljekki ugurlary barada pikir alyşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirip, şu duşuşygyň netijeleriniň özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdiler. Kuweýtiň Mirasdüşer Şazadasy pur...
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretary bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň çäklerinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen duşuşdy. Duşuşygyň öňüsyrasynda döwlet Baştutany BMG-niň Hormatly myhmanlar kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy. Soňra Prezident Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen Türkmenistanyň we Birleşen Milletler Guramasynyň baýdaklarynyň öňünde ýadygärlik surata düşdi. Döwlet Baştutany Baş sekretar...
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Siwilizasiýalaryň bileleşiginiň Ýokary wekili bilen duşuşygy
2025-nji ýylyň 23-nji sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Siwilizasiýalaryň bileleşiginiň Ýokary wekili Migel Anhel Moratinos bilen duşuşdy. Duşuşykda taraplar Türkmenistanyň BMG-niň Siwilizasiýalaryň bileleşigi bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar, medeniýetler we dinler arasyndaky dialogy ösdürmegiň, halkara gatnaşyklarynda ö...
Türkmenistanyň Ilçihanasy Bahria uniwersitetinde leksiýa berdi
2025-nji ýylyň 23-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Ilçisi A.Möwlamow we Ilçihananyň 1-nji sekretary (konsuly) B. Ýazow Yslamabat şäherinde ýerleşýän Päkistanyň Bahria uniwersitetine bardylar. Türkmen wekiliýeti uniwersitetiň Baş direktory, otstawkadaky kontr-admiral Naim Sarwar hem-de Gumanitar we jemgyýetçilik ylymlary fakultetiniň dekany, professor Adam Saud bilen duşuşyk geçirip, onda ylym, bilim, akademiki alyş-çalyş we bilelikdäki ylmy-derňew taslamalary boýunça hyzmatdaşlygyň geljegini a...
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň 80 ýyllygyna bagyşlanan dabara gatnaşdy
2025-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 80 ýyllygy mynasybetli Baş Assambleýanyň ýokary derejeli mejlisine gatnaşdy. Mejlisiň öňüsyrasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň zalynda Maýkl Tilmanyň ýolbaşçylygynda «Umyt üçin aýdym» atly ýaşlar horunyň, «Metropoliten» horunyň, pianinoçy Dewid Wotkinsiň çykyşlaryna tomaşa edildi. Konsertden soňra, BMG-niň Baş A...
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow iş sapary bilen Nýu-Ýorka ugrady
2025-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna ugrady. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanyny ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar. Türkmenistanyň BMG bilen hyzmatdaşlygy 1992-nji ýylda Türkmenistanyň gurama agza bolan wagtyndan bäri dowam edýär. Şol döwrüň içinde ýurdumyz Milletler Bileleşiginiň dürli başl...