TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
PÄKISTAN YSLAM RESPUBLIKASY - YSLAMABAD
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň ilçisi Päkistanyň Milli kitaphanasynyň baş müdiri bilen duşuşdy
2024-nji ýylyň 15-nji aprelinde Türkmenistanyň ilçisi, Atadjan Möwlamow Päkistanyň Milli kitaphanasynyň baş müdiri Asif Ykbal Han bilen duşuşdy. Duşuşykda Türkmenistan bilen Päkistanyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary, esasanam kitaphanalar ulgamyndaky hyzmatdaşlyk barada pikirler alyşyldy.
Türkmenistanyň ilçisi Harun Şerif (öňki Döwlet ministri we 2018-19-njy ýyllarda Päkistanyň Maýa goýum geňeşiniň başlygy) bilen duşuşdy
2024-nji ýylyň 15-nji aprelinde Türkmenistanyň ilçisi, Atadjan Möwlamow Harun Şerif (öňki döwlet ministri we 2018-19-njy ýyllarda Päkistanyň maýa goýum geňeşiniň başlygy) bilen duşuşdy. Duşuşykda taraplar sebitiň ykdysadyýetiniň hususy pudaklarynda ösüş hyzmatdaşlygy bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmenistan we ABŞ her ýylky türkmen-amerikan syýasy geňeşmelerini geçirdi
2024-nji ýylyň 14-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda ýyllyk syýasy geňeşmeleriň nobatdaky tapgyry geçirildi. Gepleşikleriň barşynda türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow, amerikan wekiliýetine ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kömekçisiniň orunbasary Jon Pommerşaým ýolbaşçylyk etdi. Duşuşykda taraplar türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp ma...
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy
2024-nji ýylyň 12-nji aprelinde Minsk şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Duşuşyga Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministri D.Baýramow, Belarus Respublikasynyň Daşary işler ministri S.Aleýnik, Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriň orunbasary, Daşary işler ministri M.Nurtleu, Gyrgyzystan Respublikasynyň Daşary işler ministri Ž.Kulubaýew, Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri S.Lawrow, Täjigistan...
Türkmenistan 2025-2029-njy ýyllar döwri üçin BMG-niň Durmuş ösüşi boýunça komissiýasynyň agzalygyna kabul edildi
2024-nji ýylyň 9-njy aprelinde EKOSOS-yň Guramaçylyk sessiýasynyň işiniň çäklerinde Geňeşiň kömekçi edaralaryna saýlawlar geçirildi. Geçirilen saýlawlaryň dowamynda EKOSOS-yň agzalary 2025-2029-njy ýyllar döwri üçin BMG-niň Durmuş ösüşi boýunça komissiýasynyň agzalygyna Türkmenistanyň dalaşgärligini bir agyzdan goldadylar. Şeýlelik bilen, Türkmenistan 2020-nji ýylda saýlanandan soň agzalan Komissiýanyň agzasy hökmünde öz ýerine ýetirýän wezipelerini dowam etdirer.
«Parahatçylygy ilerletmek: Ýurtlaryň arasynda ynanyşmagy berkitmek boýunça strategiýalary durmuşa geçirmek» atly maslahat
2024-nji ýylyň 11-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Parahatçylygy ilerletmek: Ýurtlaryň arasynda ynanyşmagy berkitmek boýunça strategiýalary durmuşa geçirmek» atly maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow, BMG-niň Baş sekretarynyň ýörite wekili, BMG- niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy K.Imnadze, BMG-niň Tür...
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
2024-nji ýylyň 10-njy aprelinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Arkadagymyz we Prezident Rejep Taýyp Ärdogan mähirli salamlaşyp, birek-biregi mukaddes Oraza baýramy mynasybetli gutladylar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Prezident Rejep Taýyp Ärdogana Türkmenistanyň Prezidentiniň salamyny, bu mukaddes baýram mynasybetli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlary...