TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
PÄKISTAN YSLAM RESPUBLIKASY - YSLAMABAD
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
«The Investor» žurnalynyň redaksiýasynyň direktory bilen duşuşyk barada
2024-nji ýylyň 20-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Fransiýanyň «Beyond Investments Group» kompaniýasy tarapyndan neşir edilýän «The Investor» halkara neşiriniň direktory Leandro Slowinski bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda halkara maglumat giňişliginde Türkmenistan bilen “The Investor” žurnalynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. L.Slowinski žurnalyň redaskiýasynyň ýurdy halkara işewürler jemgyýetine has-da giňişleý...
Türkmenistanyň DIM-nde Halkara zähmet guramasynyň Sebitleýin direktory bilen duşuşyk
2024-nji ýylyň 20-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowanyň Halkara zähmet guramasynyň (HZG) Baş direktorynyň kömekçisi, Sebitleýin direktory Beata Andresiň ýolbaşçylygynda HZG-niň wekiliýeti bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar “2023-nji ýyl üçin bilelikdäki çäreleriň Ýol kartasyna” laýyklykda ozal geçirilen çäreleriň netijelerini ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem 2024-nji ýyl üçin Türkmenistanyň Hökümeti bilen HZG-niň arasyndaky gat...
Türkmenistanda Meksikanyň Ilçisi akkreditirlendi
2024-nji ýylyň 19-njy fewralynda Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Meksikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hose Luis Martines Ernandesden ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de oňa iki ýurduň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmakda alyp barýan işinde üstünlikleri arzuw etdi. Ilçi öz gezeginde, ýurduň ýolbaşçysynyň adyndan hormatly Prezidentimi...
Türkmenistanyň DIM-nde Meksikanyň Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy
2024-nji ýylyň 19-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Meksikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Hose Luis Martinez Ernandesden ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi. Ministriň orunbasary Ilçini jogapkär wezipä bellenmegi bilen gutlap, oňa diplomatik işinde üstünlikleri arzuw etdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar daşary syýasat edaralarynyň arasynda aragatnaşygy ýola goýmak we DIM-ara geňeşmeleri geçi...
Türkmenistanyň DIM-niň HGI-de diplomatik protokoly boýunça täze okuw merkezi açyldy
2024-nji ýylyň 18-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynda “Diplomatik protokoly” täze okuw merkeziniň açylyş dabarasy geçirildi. Çärä Daşary işler ministrliginiň, ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň wekilleri we Türkmenistanda akkreditlenen diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdy. Mälim bolşy ýaly, ýöriteleşdirilen okuw merkezi, 2023-nji ýylyň 11-nji dekabrynda gol çekilen, Türkmenistanyň Prezide...
Türkmenistanyň DIM-de BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary bilen resminamalaryň toplumyna gol çekildi
Häzirki wagtda Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygynyň gerimini giňeldýär, esasanam Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň wekilhanasy bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklaryny has-da giňeldýär. Bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge özara gyzyklanma Türkmenistan bilen BMG-nyň arasyndaky uzak möhletleýin hyzmatdaşlygynyň häsiýeti we ýurduň mundan beýläkki ösüşiniň peýdasyna kesgitlenen ähli maksatlary we wezipeleri üstünlik...
Türkmenistanyň Diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli geçirilen çäreleriň metbugat habary
2024-nji ýylyň 18-nji fewralynda Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň mejlisler zalynda “Magtymguly Pyragynyň parahatçylyk taglymaty we Bitarap Türkmenistanyň diplomatiýasy” atly halkara maslahaty geçirildi. Maslahatyň işine Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň we ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary hem-de talyplary, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň...