img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
PÄKISTAN YSLAM RESPUBLIKASY - YSLAMABAD
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
3 Few

Dubaýda energetika ulgamynda türkmen-emirlik hyzmatdaşlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2026-njy ýylyň 3-nji fewralynda Dubaý şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Birleşen Arap Emirlikleriniň Senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar ministri, Abu-Dabi Milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) Baş direktory Soltan Ahmed Al-Jaber bilen duşuşdy. Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar gaz pudagynda Türkmenistanyň we BAE-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigini bellediler. Taraplar häzirki wagtda durmuşa geçirilýän taslamalaryň ýerine ýetirilişine garap, h...

DOWAMY
pic
3 Few

Türkmenistanyň wekiliýeti Dubaýda geçirilýän Bütindünýä hökümet sammitine gatnaşýar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 2026-njy ýylyň 3–5-nji fewraly aralygynda Dubaý şäherinde geçirilýän Bütindünýä hökümet sammitine gatnaşýar. Sammitiň işine 30-dan gowrak döwlet we hökümet ýolbaşçylary, 150-ä golaý hökümet wekiliýeti, şeýle hem dünýä kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryndan, halkara maliýe guramalarynyň we bilim edaralarynyň wekillerinden ybarat bolan jemi 6 m...

DOWAMY
pic
2 Few

Türkmenistanyň Yslamabatdaky Ilçihanasynda Ispaniýanyň Ilçisi bilen duşuşyk

2026-njy ýylyň 2-nji fewralynda Türkmenistanyň Yslamabat şäherindäki Ilçihanasynda Türkmenistanyň Päkistandaky Ilçisi A.Möwlamow bilen Ispaniýanyň Päkistana täze bellenen Ilçisi Karlos Aragonyň arasynda duşuşyk geçirildi. Türkmenistanyň Ilçisi Ispaniýanyň Ilçisini täze wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa Päkistandaky işinde üstünlikleri arzuw etdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Ispaniýanyň arasynda söwda, üstaşyr gatnaw, energetika we beýleki özara gyzyklanma bildirilýä...

DOWAMY
pic
30 Ýan

Yslamabat şäherinde Türkmenistan bilen Päkistanyň arasynda hünär we tehniki bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşyldy

2026-njy ýylyň 30-njy ýanwarynda Yslamabat şäherinde Türkmenistanyň Päkistandaky Ilçisi A. Möwlamow, Päkistanyň Milli hünär we tehniki taýýarlyk komissiýasynyň (NAVTTC) başlygy hanym Gulmina Bilal Ahmad bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi uly bolan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Bu ugurda Türkmenistan bilen Päkistanyň arasynda öňdebaryjy tejribäniň alyş-çalyş edilmegine, bilelikdäki mümkinçilikleri artdyrmak boýunça maksatnamalaryň i...

DOWAMY
pic
26 Ýan

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bilen ÝUNISEF-iň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

2026-njy ýylyň 24-nji ýanwarynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa bilen BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratnanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Onda ýurdumyzyň ýaş raýatlarynyň bähbidine köpýyllyk netijeli dialogy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň meselelerine garaldy. Söhbetdeşler birek-biregi mähirli mübärekläp, ösüp gelýän...

DOWAMY
pic
14 Ýan

KHBS ​üçin maglumat

2026-njy ýylyň 14-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Hazar deňzindäki kenar gulluklary betbagtçylyga uçraýan Rona atly eýran ýük gämisinden SOS signalyny aldylar. Türkmenistanyň adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we olaryň netijelerini aradan aýyrmak bilen bagly döwlet edaralary tarapyndan deňiz gatnawynyň düzgünlerini kadalaşdyrýan halkara kadalara laýyklykda gämidäki adamlary halas etmek boýunça ähli zerur çäreler görüldi. Wagtynda geçirilen işleriň netijesinde gämide bolan 14 adamyň ähli...

DOWAMY
pic
7 Ýan

Türkmenistanyň DIM-nde türkmen-pakistan gatnaşyklarynyň häzirki meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2026-njy ýylyň 7-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Farýal Legari bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar täze ýylda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek üçin bilelikdäki çäreleri mundan beýläk-de durmuşa geçirmek babatda giň gerimli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-pakistan bilelikdäki hökümetara toparynyň nobatda...

DOWAMY