TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
PÄKISTAN YSLAM RESPUBLIKASY - YSLAMABAD
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
Liwanyň Päkistana bellenen täze Ilçisi Türkmenistanyň Yslamabatdaky Ilçihanasyna bardy
2025-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda Liwan Respublikasynyň Päkistana täze bellenen Ilçisi Abdulaziz Issa Diplomatik Korpusyň Duaýeni, Türkmenistanyň Päkistandaky Ilçisi A.Möwlamow bilen duşuşdy. Duşuşykda Türkmenistanyň Ilçisi Liwanyň Ilçisini Päkistandaky diplomatik işine başlamagy bilen mähirli gutlady we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Şeýle hem, ol liwanly kärdeşine Diplomatik Korpusyň alyp barýan işleri, ýakyn wagtda meýilleşdirilýän çäreler we Päkistanyň hökümet edaralary bilen alnyp baryl...
Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — Russiýa» ikinji sammitine gatnaşdy
2025-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Duşenbe şäheriniň Kabul edişlikler köşgünde geçirilen “Merkezi Aziýa — Russiýa” ikinji sammitine gatnaşdy. Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň başlyklyk etmeginde geçirilen sammite Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň Prezidentleri hem gatnaşdylar. Sammitden öň “Merkezi Aziýa — Russiýa” sammitine gatnaşyjylaryň bilelikdäki resmi surata düş...
Duşenbede Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň Prezidentleriniň duşuşygy geçirildi
2025-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa - Russiýa» ikinji sammitine hem-de Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin Täjigistan Respublikasynyň Duşenbe şäherine iş sapar bilen ugrady. Şol gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen ikitaraplaýyn duşuşygy geçirildi. Täjigistanyň Prezidenti öz kärdeşini mähir...
Päkistanda diplomatik işini tamamlaýan Efiopiýanyň Ilçisi Türkmenistanyň Yslamabatdaky Ilçihanasyna bardy
2025-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda Päkistanda diplomatik işini tamamlaýan Efiopiýa Federatiw Demokratik Respublikasynyň Päkistandaky we Türkmenistandaky (Yslamabatda şäherinde ýerleşmek bilen) Ilçisi Jemal Beker Abdula Türkmenistanyň Ilçisi A.Möwlamow bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşykda Türkmenistanyň Ilçisi kärdeşine netijeli hyzmatdaşlygy we Türkmenistan bilen Efiopiýanyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge goşan goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi we geljekde alyp barýan işlerinde üstünlikleri arz...
Fizuli şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna metjit gurular
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasyna amala aşyran saparynyň dowamynda Türkmenistan tarapyndan Azerbaýjana sowgat hökmünde Fizuli şäherinde guruljak metjidiň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi. 2025-nji ýylyň 8-nji oktýabryynda Gabala şäherinde Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň XII sammiti tamamlanandan soňra, wekiliýet Baştutanlary sanly ulgam arkaly Türkmenistan tarapyndan Azerbaýjana sow...
Türkmen halkynyň Milli Lideri,Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjan Respublikasyna iş sapary
2025-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň XII sammitine gatnaşmak maksady bilen, Azerbaýjan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Gabala şäheriniň Halkara howa menzilinde Gahryman Arkadagymyzy dostlukly ýurduň resmi adamlary, şeýle hem Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar. Türki Döwletleriň Guramasynyň sammiti Geýdar Aliýew a...
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
2025-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Döwlet Baştutanymyz Prezident Wladimir Putini doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlap, oňa berk jan saglyk, abadançylyk we alyp barýan döwlet işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi. Şeýle hem Prezident Serdar Berdimuhamedow türkmen-rus gatnaşyklaryny ösdürmäge berýän uly ünsi üçin Russiýa Feder...