SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Yslamabatdaky Ilçihanasynda türkmen-päkistan hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2025-nji ýylyň 12-nji noýabrynda Türkmenistanyň Yslamabatdaky Ilçihanasynda Diplomatik we strategik derňewler merkeziniň esaslandyryjysy we başlygy Mohammed Uzair Rana bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşykda taraplar sebitdäki ýagdaýlar barada pikir alyşdylar. Türkmen tarapy Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty, şeýle hem Türkmenistanyň hökümet ýolbaşçylary tarapyndan öňe sürlen sebitde we onuň daşynda parahatçylygy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen infrastruktura taslamalary barada...
Yslamabatda Türkmenistanyň we Daniýanyň Ilçileri sebit meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar
2025-nji ýylyň 10-njy noýabrynda Daniýa Patyşalygynyň Päkistana täze bellenen Ilçisi hanym Maýa Mortensen Türkmenistanyň Yslamabatdaky Ilçihanasyna baryp, ol ýerde Türkmenistanyň Ilçisi A. Möwlamow bilen duşuşdy. Duşuşykda taraplar sebitdäki häzirki ýagdaýlary ara alyp maslahatlaşyp, parahatçylyk, durnuklylyk we durnukly ösüş meselelerine ünsi çekdiler. Şeýle-de, Türkmenistanyň Ilçisi döwletleriň arasyndaky ynamy berkitmäge, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmäge we özara bähbitli...
Türkmenistanyň Prezidenti «C5+1» formatyndaky sammite gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň çäklerinde «C5+1» formatyndaky sammite gatnaşdy. Türkmenistanyň döwlet Baştutany Ak tama gelenden soň, Ruzwelt otagynda Hormatly myhmanlar kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy. Soňra Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň arasynda duşuşyk geçirildi. Prezident Donald Tramp belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, «C5+1» formatyndaky sammi...
Türkmen we amerikan işewürleri özara gatnaşyklaryň täze mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar
Türkmenistanyň Prezidentiniň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde «Türkmen-amerikan işewürler hyzmatdaşlygy: ösüşiň täze mümkinçilikleri we geljegi» atly işewürlik maslahaty geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň hem-de ABŞ-nyň döwlet düzümleriniň ýolbaşçylary, işewür toparlarynyň, şol sanda dünýä belli «John Deere», «General Electric», «SpaceX», «Oppenheimer Holdings Inc.» ýaly kompaniýalaryň, Bütindünýä bankynyň, Halkara pul gaznasynyň wekilleri gatnaşdylar. M...
«C5+1» formatynyň döredilmeginiň 10 ýyllygy mynasybetli işewürlik maslahaty
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Waşington şäherinde ýerleşýän Jon Kennedi adyndaky Ýerine ýetirijilik sungaty merkezinde «Merkezi Aziýa — Amerikanyň Birleşen Ştatlary» hyzmatdaşlyk formatynyň döredilmeginiň 10 ýyllygy mynasybetli işewürlik maslahaty geçirildi. Çäräniň dabaraly maksatnamasynyň çäklerinde Merkezi Aziýa sebitiniň baý medeni mirasyny we ykdysady mümkinçiliklerini şöhlelendirýän sergi guraldy. Myhmanlar Türkmenistanyň sergi bölüminde ýurdumyzyň ýeten sepgitleri, ykdysadyýetde g...
Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň Kongresiniň wekilleri bilen duşuşdy
Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ABŞ-nyň Kongresiniň Wekiller palatasynyň Daşary işler boýunça komitetiniň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kiçi komitetiniň başlygy Bill Hýuzenga hem-de onuň orunbasary Sidni Kaý Kamlager-Daw bilen duşuşdy. ABŞ-nyň Kongresiniň wekilleri belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, ABŞ bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmag...
Türkmenistanyň Prezidenti «Nicklaus Сompanies» kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Nicklaus Сompanies» kompaniýasynyň Baş direktory Jon Riz bilen duşuşdy. Amerikan kompaniýasynyň ýolbaşçysy özara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Prezidentiniň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna şu gezekki saparynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge täze itergi berjekdigine ynam bildir...