Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjanyň ilçileri Päkistanyň Ýokary bilim komissiýasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdylar
2026-njy ýylyň 12-nji maýynda Yslamabatda Päkistanyň Ýokary Bilim Komissiýasynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjanyň ilçileri bilen Päkistanyň Ýokary Bilim Komissiýasynyň başlygy Niýaz Ahmad Ahtaryň ýolbaşçylygyndaky wekilýet bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşykda ýokary bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şu jähetden taraplar öz ýurtlarynyň bilim syýasaty barada pikir alyşdylar.
Türkmenistanyň ilçisi A. Möwlamow bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmaga we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge gönükdirilen Türkmenistanda amala aşyrylýan özgertmeler barada gürrüň berdi.
Duşuşyga gatnaşyjylar ýokary bilim ulgamynda institutsional hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, akademiki gatnaşyklary giňeltmäge, tejribe alyşmaga we ýokary bilim ulgamynda gatnaşyklary ösdürmäge ygrarlydyklaryny tassykladylar.