img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
PÄKISTAN YSLAM RESPUBLIKASY - YSLAMABAD
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Yslamabatda IYDS maksatnamasynyň gatnaşyjylary Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” şygary astynda geçirilýän çäreler bilen tanyşdyryldy

img
img
img
img
img
img
img
img

2026-njy ýylyň 13-nji maýynda Türkmenistanyň Päkistan Yslam Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan Yslamabat şäherinde Parahatçlyk we diplomatiýany öwreniş institutynyň (IPDS) ýanyndaky Halkara ýaş diplomatlar mekdebi (IYDS) maksatnamasynyň gatnaşyjylary bilen duşuşyk geçirdi.

Çäre Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna hem-de “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany” ýylyna bagyşlanyp gurnaldy. Duşuşyk Türkmenistanyň parahatçylyga, hemişelik Bitaraplyk ýörelgesine hem-de baý milli däp-dessurlaryny gorap saklamaga ygrarlydygynyň aýdyň subutnamasy boldy.

Duşuşykda Ilçihananyň wekilleri ýaş diplomatlara Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk, parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak hem-de konstruktiw halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň esasy ugurlary barada giňişleýin maglumat berdiler. Şeýle-de, Türkmenistanyň sebit durnuklylygyny pugtalandyrmaga, ulag we üstaşyr arabaglanyşygyny ösdürmäge, energetika diplomatiýasyny ilerletmäge hem-de ynsanperwer hyzmatdaşlygyny giňeltmäge gönükdirilen başlangyçlaryna aýratyn üns berildi.

Türkmenistanyň Ilçisi A. Mövlamow öz çykyşynda Türkmenistan bilen Päkistanyň arasynda öňden gelýän dost-doganlyk gatnaşyklaryň bardygyny nygtap, gatnaşyjylary Türkmenistanyň taryhy, medeniýeti, geografiýasy hem-de sebitiň geosyýasy giňişligindäki barha artýan ähmiýeti bilen tanyşdyrdy.

Soňra interaktiw görnüşindäki pikir alyşma geçirilip, onuň dowamynda gatnaşyjylar Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň sebit we halkara meselelerini çözmekdäki orny, maýa goýum hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri, şeýle hem ulag, üstaşyr we energetika ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegi bilen bagly soraglary berdiler we olara jikme-jik jogaplary aldylar.

Çäräniň ahyrynda gatnaşyjylara Halkara ýaş diplomatlar mekdebiniň şahadatnamalary gowşuryldy. Päkistanyň dürli sebitlerinden gelen ýaşlary birleşdirýän maksatnamanyň gatnaşyjylary geçirilen çärä ýokary baha berip, Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bilen tanyşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirdiler.