img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
PÄKISTAN YSLAM RESPUBLIKASY - YSLAMABAD
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmenistanyň Ilçihanasynyň diplomatlary Päkistanyň Milli dili ösdürmek boýunça departamentine bardylar

img
img
img
img

2026-njy ýylyň 1-nji iýulynda Türkmenistanyň Yslamabatdaky Ilçihanasynyň diplomatlary – 1-nji sekretar/konsul B.A.Ýazow we 2-nji sekretar E.B.Permanow dagylar Päkistanyň Yslam Respublikasynyň Milli miras we medeniýet ministrliginiň garamagyndaky Milli dili ösdürmek boýunça departamentine bardylar.

Saparyň çäklerinde Departamentiň baş direktory, professor Muhammet Salim Mazhar bilen duşuşyk geçirilip, onuň dowamynda Türkmenistan bilen Päkistanyň arasynda medeni-ynsanperwer ugurdaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar edebi we ylmy alyşmalary giňeltmek, bilim we ylmy-barlag edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, şeýle hem iki ýurduň milli dillerini, edebiýatyny we baý taryhy-medeni mirasyny wagyz etmäge gönükdirilen bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmek boýunça pikir alyşdylar.

Professor Muhammet Salim Mazhar Türkmenistanyň Ilçihanasyna urdu dilini öwretmek, öwrenmek we ösdürmek meselelerine bagyşlanan okuw kitaplarynyň, ylmy neşirleriň hem-de edebiýatlarynyň ýygyndysyny sowgat hökmünde gowşurdy.

Türkmen diplomatlary bu gymmatly sowgat üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, onuň ylmy hem-de medeni ähmiýetini aýratyn bellediler. Olar sowgat edilen neşirleriň Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutyna gowşurylyp, ýokary okuw mekdebiniň kitaphana gaznasynyň üstüni ýetirjekdigini, şeýle hem dil öwrenmek we ylmy-barlag işleri bilen meşgullanýan talyplar, mugallymlar hem-de ylmy işgärler üçin möhüm çeşme bolup hyzmat etjekdigini nygtadylar.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar ynsanperwer hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge, ylmy-bilim edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmäge hem-de Türkmenistan bilen Pakistanyň halklarynyň arasyndaky medeni hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.