Türkmenistanyň Ilçihanasynda ulag-logistika hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 8-nji iýulynda Türkmenistanyň Yslamabatdaky Ilçihanasynda Ekspeditorlyk assosiasiýalarynyň Halkara federasiýasynyň (FIATA) öňki Prezidenti, «TRANSHOLD» ulag-logistika kompaniýasynyň başlygy jenap Babar Badat bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda jenap Babar Badat özüniň Türkmenistana amala aşyran saparlary barada gürrüň berip, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasatyna, şeýle hem ýurduň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekdäki işjeň ornuna ýokary baha berdi.
Duşuşykda taraplar halkara ulag-logistika ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini, logistika pudagynda öňdebaryjy tejribeleri alyşmagyň ugurlaryny, şeýle hem ulag we üstaşyr geçelgeleriň netijeliligini ýokarlandyrmak bilen bagly möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Taraplar Türkmenistanyň amatly geografik ýerleşişiniň, onuň Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda möhüm ulag-logistika merkezleriniň biri hökmünde ornunyň hem-de halkara ulag geçelgelerini ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän giň gerimli taslamalaryň ähmiýetini aýratyn bellediler.
Duşuşygyň çäklerinde sebit we halkara derejede ulag-logistika hyzmatdaşlygyny giňeltmek, ýük daşamalarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, häzirki zaman logistika çözgütlerini ornaşdyrmak hem-de özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek boýunça pikir alşyldy.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar ulag-logistika ulgamynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bolan gyzyklanmalaryny beýan edip, özara gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň geljekki ugurlary boýunça pikir alyşdylar.